Habar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi. Ol hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň düzümine saýlanan wekilleri bilen geçiren mejlisinde öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Häzirki wagtda döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň dürli ulgamlaryna degişli kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi işlenip taýýarlanylýar.

Ýurdumyzyň Mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.

Halkara guramalary bilen gatnaşyklary ösdürmek bilen baglylykda, türkmen parlamentarileri ÝHHG-niň we BMG-niň ugry boýunça geçirilen duşuşyklaryň birnäçesine gatnaşdylar. Şeýle hem Mejlisiň wekilleri Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa meseleleri boýunça Merkezi tarapyndan guralan duşuşyga gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde gulluk iş saparynda boldular.

Hormatly Prezidentimiziň Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynda eden çuň manyly maksatnamalaýyn çykyşyndan gelip çykýan wezipeleri hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatyny wagyz etmek hem-de düşündirmek maksady bilen, deputatlar köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow D.Gulmanowa ýüzlenip, ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirendigini we bu mejlisde hormatly Arkadagymyzyň beren tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň döwlet edaralarynyň işiniň esaslaryny kesgitleýän kanunçylygy has-da kämilleşdirip, eziz Diýarymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmak boýunça alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşmalydygyny, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary bilen özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň netijeli ulgamyny döretmek boýunça işleri dowam etmelidigini, şeýle hem bu işleriň Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ministrler Kabinetiniň sazlaşykly işi esasynda alnyp barylmalydygyny belledi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kabul edilen kanunlardan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny öz wagtynda kabul etmek boýunça degişli işleri geçirmelidiklerini we ýurdumyzda kabul edilen Maksatnamalarda bellenen özgertmeleriň hukuk esasyny döretmek, pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze kanunçylyk namalaryny kabul etmegiň hem-de kanunlary yzygiderli kämilleşdirmegiň Türkmenistanyň Mejlisiniň ilkinji nobatdaky işleriniň biri bolmalydygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça zerur işleri geçirmelidigini aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem «Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, bank ulgamyny ösdürmek hem-de bu ulgamda işleýän hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýurdumyzyň bank ulgamynyň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginde möhüm ähmiýete eýedigine ünsi çekdi we bu babatda ýerine ýetirilýän işleri dowam etmegi wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Begliýew gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, şeýle hem ilatymyzy ýangyç serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün etmek, sarp edijilere bu ugurda döwrebap derejede hyzmat etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu ugurdaky işleriň netijeliligini artdyrmak hem-de hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen degişli işler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň döwrüň talaplaryna laýyklykda guralmagynyň, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyny belledi hem-de wise-premýere ilatymyzy ýangyç serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün etmek, hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň hem-de onuň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenlişi ýaly, häzirki wagtda ministrligiň garamagyndaky önümçilik kärhanalary tarapyndan öndürilýän önümleriň hil derejesini halkara standartlaryna we häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, senagat we gurluşyk önümçiligi babatda öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar.

Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynyň işiniň netijeliligini artdyrmak we olaryň düzümlerini kämilleşdirmek maksady bilen, degişli resminamalara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyk işleriniň ähmiýetini belledi hem-de senagat we gurluşyk pudagyny has-da ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine täzeçil çemeleşmegiň, onuň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmagyň, ulgama degişli edara-kärhanalaryň düzümlerini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzyň goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen, türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny – Söwda merkezini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, degişli Ylalaşyga laýyklykda Söwda merkezini ilkinji tapgyrda Daşoguz – Şabat serhet ýakasynda döretmek boýunça işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, iki dostlukly ýurduň hökümet wekiliýetleriniň özara saparlarynyň dowamynda birnäçe ylalaşyklaryň gazanylandygyny, şol sanda «Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny – Söwda merkezini döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakyndaky» hökümetara Ylalaşygyna gol çekilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeler berildi.

Şeýle hem wise-premýer «Türkmen-özbek Söwda öýi» bilelikdäki kärhanasy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, şol sanda goňşy döwletler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek boýunça amala aşyrylýan işleriň örän möhümdigine ünsi çekdi hem-de bu ugurda göz öňünde tutulan işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 – 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerde arheologiki ylmy-barlag we rejeleýiş işleri üstünlikli dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde geçirilen arheologik gözlegleriň netijesinde Paryzdepe ýadygärliginiň töwereginde ýerleşýän kärizler toplumynda özboluşly täsin gurluşa eýe bolan bir käriziň, şeýle hem Abiwerd galasyndan syrçalanan keramika önümleriniň bölekleri, Daňdanakan galasyndan orta asyr ýazuw çeşmelerinde beýan edilýän metjidiň ýerleşen ýeriniň belli bir böleginiň tapylandygy habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini gorap saklamakda, dikeltmekde, olary geljekki nesillere ýetirmekde birnäçe işleriň amala aşyrylandygyny hem-de bu işleriň mundan beýläk-de dowam etjekdigini belledi. Munuň özi milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 – 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň mart aýynda geçirilen «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahatynyň ähmiýetini belledi hem-de ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini goramak, dikeltmek, abatlamak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, adamlaryň saglygyny berkitmek hem-de ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, bu işleri amala aşyrmakda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi, keselleriň öňüni almak we saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça ýurdumyzyň mümkinçiliklerini giňeltmekde köp işleriň durmuşa geçirilýändigi hem-de ýurdumyzda soňky ýyllarda keselleri anyklamak we bejermek işiniň kämilleşdirilýändigi aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, saglygy goraýyş ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem-de bu ugurda dünýäniň iň öňdebaryjy tejribesini ulanmak arkaly ilatymyzyň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagyny gazanmagyň milli saglygy goraýyş ulgamynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belledi we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň birnäçe iri halkara çärelerine gatnaşmak maksady bilen, 17-19-njy aprelde Şweýsariýa Konfederasiýasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Şol çäreleriň hatarynda BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) ministrler derejesindäki duşuşygy bar. Onuň çäklerinde bu Maksatnama gatnaşyjy döwletleriň ministrler derejesindäki duşuşygy, şeýle hem SPECA gatnaşyjy ýurtlaryň we BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň arasynda interaktiw dialogy boldy. Mundan başga-da, SPECA-nyň çäklerinde işleýän döwletleriň we beýleki ýurtlaryň Ženewadaky hemişelik wekilhanalarynyň, halkara hem-de hökümete degişli bolmadyk guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Ministrler derejesindäki duşuşygyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji aprelde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň sanly we «ýaşyl» özgertmeler meselelerine bagyşlanan 70-nji mejlisine gatnaşdy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bu ugurdaky giň möçberli işleri, şol sanda metanyň zyňyndylaryny azaltmak we wodorod energetikasyny ilerletmek boýunça alyp barýan işleri beýan edildi, şeýle hem Türkmenistanyň bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy. Mejlise gatnaşyjylar Arkadag şäheri bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, bu şäher sanly we «ýaşyl» tehnologiýalary ulanmagyň üstünlikli mysaly bolup biler.

Şunuň bilen bir hatarda, saparyň çäklerinde BMG-niň Ženewa şäherindäki edarasynyň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň, Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasynyň, Bütindünýä söwda guramasynyň, Halkara migrasiýa guramasynyň, şeýle hem birnäçe ýurtlaryň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen teklipler hödürlenildi.

Bitarap Watanymyzyň netijeli sebit we ählumumy başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň SPECA Maksatnamasyna başlyklyk etmek we degişli konsepsiýanyň işlenip taýýarlanylmagy boýunça işleri geçirmek teklip edilýär.

Şeýle hem şu ýylyň maý aýynda ýurdumyzda sanly we «ýaşyl» ykdysadyýet ugrunda alnyp barylýan işlere bagyşlanan «tegelek stoly» geçirmek, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň akademiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak teklip edilýär.

Şonuň ýaly hem ýurdumyz bilen Bütindünýä söwda guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlary teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hödürlenen teklipleri makullady hem-de abraýly halkara guramalary bilen, ilkinji nobatda, BMG bilen netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň we giňeldilmeginiň Watanymyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi.

Türkmenistan BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen sebit we ählumumy parahatçylygyny, howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek, ykdysadyýet we durmuş ulgamy, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak ýaly ileri tutulýan ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Sanlylaşdyrmak we ekologiýa ulgamlary bu hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hataryndadyr we bu ugurlarda ýurdumyz milli derejede sanly we «ýaşyl» tehnologiýalary yzygiderli ilerletmek bilen, başlangyçly çykyş edýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu ulgamlarda, şeýle hem beýleki ugurlar boýunça işjeň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etmegi maksat edinýändigini belläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli işleri yzygiderli we toplumlaýyn esasda dowam etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa pudagynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hususan-da, ýurdumyzyň demir ýol ulagynyň işini has-da kämilleşdirmek, ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak işinde öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, pudagyň hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ulag we kommunikasiýa toplumynda demir ýol ulagynyň möhüm orun eýeleýändigini, onuň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramagyň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny nygtady we bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna degişli görkezmeleri berdi.

Mejlisde şeýle hem beýleki käbir meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de Garaşsyz Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.