Habar

2023-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Gümrük gözegçiligini guramak bölüminiň müdiri A.Nyýazow we Gümrük amallaryny awtomatlaşdyrmak bölüminiň müdiri A.Rahmanow «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2023» atly halkara maslahatynyň işine gatnaşdylar.

A.Nyýazow maslahatda üstaşyr geçirijiligi ösdürmekde ykdysady gümrük düzgünleriniň ähmiýeti barada çykyş edip, üstaşyr ýük geçirijiliginiň ýokarlanmagynda Türkmenistanyň çägine getirilen daşary ýurt harytlarynyň reeksport edilýän möçberleriniň artdyrylmagynyň uly ähmiýetini belledi. Şeýle reeksportyň ulanylmagy üçin ýurdumyzda giň mümkinçilikler bar, ýagny onuň hukuk esaslary aýdyň kesgitlenilen we logistikasy üçin amatly şertler bar.

Häzirki wagtda, ýurdumyzda iri üstaşyr ulag geçelgeleriniň ugrunda döredilen gümrük ammarlarynyň 14 sanysynyň hereket edýändigi, olaryň                7 sanysynyň Türkmenistanyň çägine gelnende ilkinji demir ýol bekedinde (ýük howlusynda) döredilendigi, olaryň ýerleşýän ýerleri barada maslahata gatnaşan logistik kompaniýalaryň dykgatyna ýetirildi.

A.Rahmanow öz çykyşyny daşary ykdysady işine gatnaşyjylar üçin ýeňillikler döretmek maksady bilen gümrük amallaryny sazlaşdyrmak, gümrük işine maglumat tehnologiýalaryň oranşdyrylmagy meselesine bagyşlady. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Döwlet gaümrük gullugy bu ugurda uly öňe gidişikleri gazandy. Häzirki wagtda üstaşyr amallaryny ýeňilleşdirmek bilen bagly Türkmenistan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) tarapyndan maliýeleşdirilýän Sebitleýin hyzmatdaşlygy we söwdany güýçlendirmek üçin Merkezi Aziýanyň üstaşyr geçelgelerinde halkara ýol ulag amallaryny sanlaşdyrmak hem-de Aziýa Ösüş Bankynyň Kämilleşdirilen üstaşyr ulgamy we gümrük maglumatlaryň elektron alyş-çalşygy ulgamyna goşulyşdy.