Habar

2023-nji ýylyň 5-nji maýynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň gümrük edaralarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda Töwekgelçilikleri dolandyrmak boýunça okuw çäresi öz işini tamamlady. Çäre Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasy (BOMKA 10) bilen hyzmatdaşlygynyň çäginde guraldy. Oňa işi töwekgelçilikleri dolandyrmak we seljermek, maglumat alyşmak, gümrük gözegçiligi guramak we gümrük kadalarynyň bozulmalaryna garşy göreş bilen bagly  bolan gümrük işgärleri  gatnaşdy.

Gazagystan Respublikasynyň Maliýe ministrliginiň Döwlet girdejiler komitetiniň hünärmenleri Gazagystanyň gümrük edaralaryna töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamyny ornaşdyrmagyň aýratynlyklary bilen tanyşdyrdylar.

Üç gün dowam eden çäräniň dowamynda gatnaşyjylar töwekgelçiligi dolandyrmak ulgamy babatda öz tejribeleri bilen paýlaşdylar. Ara alyp maslahatlaşmagyň netijesi boýunça töwekgelçilikleri ýüze çykarmakda we baha bermekde iň oňat tejribäni ulanmak boýunça teklipler işlenip düzüldi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan töwekgelçiligi seljermek ulgamyny kämilleşdirýär. Gümrük gözegçiliginiň görnüşleri saýlananda töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamy peýdalanylýar. Munuň üçin ýörite platforma döredildi.