Habar

2023-nji ýylyň 1-nji we 2-nji iýunynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň serhetleşýän ýerinde ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň «Farap awtoýollary» gümrük nokady bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň «Alat» gümrük nokadynyň arasynda ilkinji gezek «sanly TIR» ulgamyny ulanmak bilen, ýükleriň daşalmagy amala aşyryldy. Ýükleriň gümrük serhedinden geçirilmeginde iki ýurduň hem gümrük edaralary sanly üstaşyr kepilliklerini üstünlikli durmuşa geçirdi.

Kagyz göterjileriň ulanylmazlygy, maglumatlaryň hakyky wagt ýagdaýyna görä işleýän ygtybarly elektron maglumat gorunda ýatda saklanylýandygy üçin, howpsuzlyk derejesiniň ýokarlanmagy bilen bir hatarda, administratiw bökdençlikleriň azalmagyny göz öňünde tutýanygy sebäpli, hem gümrük edaralaryň hem-de ýük daşaýjylaryň ýerine ýetirýän işine oňyn täsir edýär.

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda TIR sanlylaşdyrma synag taslamasynyň durmuşa geçirilmegi iki ýurduň gümrük edaralarynyň arasyndaky üstünlikli özara gatnaşyklaryň netijesi bolup, ýük daşamalar Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) «Sebitleýin hyzmatdaşlygy we söwdany pugtalandyrmak üçin Merkezi Aziýanyň ulag geçelgelerinde TIR amallaryny sanlylaşdyrmak» atly taslamasynyň, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU), şeýle hem halkara awtoulagly daşaýjylaryň THADA we AIRCUZ milli assosiasiýalarynyň goldawlary bilen amala aşyryldy. Bu TIR sanlylaşdyrma taslamalarynyň, MDP konwensiýasynyň 11-nji goşundysynyň düzgünlerine laýyklykda eTIR-i durmuşa geçirmegiň başlangyjy hökmünde çykyş edýändigini bellemelidiris.

TIR sanlylaşdyrmasynyň dowam etdirilmegi bilen, ýurdumyzyň eksport we üstaşyr kuwwatynyň has-da ýokarlandyrylmagyna şert döredilip, Merkezi Aziýa sebiti üçin ygtybarly we howpsuz ulag serişdeleriniň geçelgeleriniň kemala gelmegini alamatlandyrýar.