Habar

         Paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda, Bütündünýä gümrük guramasy bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň bilelikde gurnamagynda geçirilýän Gümrük gullukçylarynyň hünär etikasy boýunça sebitleýin maslahaty öz işine başlady. Bu maslahata Bütindünýä gümrük guramasynyň, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Albaniýa, Gruziýa, Azerbaýjan, Gyrgyzgystan, Moldowa, Özbegistan, Serbiýa we başgada birnäçe döwletleriň gümrük gulluklarynyň işgärleri  gatnaşýarlar. Bu maslahatyň çäklerinde, gümrük işgärleriniň hünär bilimlerini kämilleşdirmek boýunça tejribe alyşmak maksatly ýörite çykyş edildi.

Maslahatyň barşynda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda ornaşdyrylan sanly ulgamyň mümkinçilikleri hem-de harby gullukçylaryň hünär etikasy bilen baglanyşykly ýörite kanunçylyk namalar, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça boýunça alnyp barylýan işler barada maslahata gatnaşyjylar ýakyndan tanyşdyryldy. Ýurdumyzda 2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýip yglan edilmegi bilen bagly, ýaş gümrük işgärleri taýýarlamak, olaryň hünär bilimlerini ýokarlandyrmak, şeýle hem, ýurdumyzda harby gullukçylaryň döwrebap iş we ýaşaýyş durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işler barada çykyşlarda giňişleýin bellenip geçildi.

13-nji oktýabra çenli dowam etjek sebitleýin maslahatynda işgärleri taýýarlamak we olaryň hünär-bilimlerini ýokarlandyrmak boýunça maslahata gatnaşýan daşary ýurt wekilleri öz tejribelerini paýlaşarlar.