Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gruziýanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, nebit ýol bitumyny, şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplügi, jinsi matalary, pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 590 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin polipropileni we nebit ýol bitumyny (“Türkmennebit” döwlet konserni), şeýle hem el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 6 million 701 müň manatdan gowrak boldy.