2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň «Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: geljegiň hatyrasyna bilelikdäki işler» atly Bilelikdäki maslahaty geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili Maslahatyň çäginde geçirilen «Howpsuzlyk babatda üstünlikli hyzmatdaşlygyň taslamalary» atly sessiýada çykyş edip, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasy (BOMCA) bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk we onuň çäginde ýerine ýetirilen işler, gazanylan netijeler barada belläp geçdi.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň öňünde durýan wezipeleriň hataryna serhetde gümrük amallaryny hem-de gözegçiligi amala aşyrmak, şol bir wagtda halkara söwdasyny ýeňilleşdirmek üçin oňaýly şertleri döretmek ýaly ugurlar girýär. Ine, şu ugurlar boýunça hem Döwlet gümrük gullugy BOMCA maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Häzirki wagta çenli köp sanly bilelikdäki taslamalar ýerine ýetirildi. 2023-nji ýyldan başlap häzirki wagta çenli döwürde Gullugymyzyň 209 sany wekili Maksatnamanyň çäginde geçirilen dürli sebitleýin milli okuwlara we konferensiýalara gatnaşdy.