Habar

2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri Türkmenbaşy halkara deňiz portunda «Türkmendeňizderýaýollary», «Türkmendemirýollary» we «Türkmenawtoulaglary» agentlikleriniň işgärleri, «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, «Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň, Türkmen halkara awtoulagly daşaýjylarynyň assosiasiýasynyň agzalarynyň we başga-da birnäçe halkara ýük daşamalary amala aşyrýan ulag-logistika kompaniýalarynyň wekilleri hem-de gümrük dellallarynyň hünärmenleri bilen duşuşyk geçirdiler.

Okuw maslahatynyň dowamynda, duşuşyga gatnaşyjylara Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyndaky soňky üýtgetmeler we goşmaçalar barada maglumat berildi. Bu üýtgetmeler we goşmaçalar, esasanam, Ygtyýarly ykdysady operatoryň hukuk derejesini almagyň tertibine hem-de deslapky maglumat bermegiň düzgünlerine degişlidir.  

Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary tarapyndan, ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçirijiligini we logistika ulgamyny ösdürmäge, ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň özüne çekijiligini we sebitdäki ähmiýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilen, gümrük serhediniň üstünden haryt dolanyşygynyň artdyrylmagyna ýardam berýän şertleri giňeltmegiň, şol sanda ygtyýarly ykdysady operatoryň hukuk derejesini almagyň ähmiýetini we tertibini has aýdyňlaşdyrýan çykyşlar edildi. Duşuşyga gatnaşyjylara ygtyýarly ykdysady operatoryň statusyny bellemek we mahrum etmek üçin şertler, şeýle hem işiniň talaplary düşündirildi.

Şeýle hem, okuw maslahatynyň barşynda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda ulanylýan maglumat tehnologiýalary we sanly ulgam arkaly halkara ýük daşaýjylar tarapyndan deslapky maglumatyň berilmeginiň amaly mysallary görkezildi hem-de ygtyýarly ykdysady operatorlar baradaky wideoýazgylara syn edildi.