Habar

2024-nji ýylyň 30-31-nji iýulynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti tarapyndan gümrük taýdan resmileşdirmegiň Merkezini döretmekde tejribesini öwrenmek we serhetýaka gümrük nokatlarynyň işi bilen tanyşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherine gulluk iş sapary amala aşyrdy.  

Saparyň birinji gününde wekiliýetimiz gümrük taýdan resmileşdirmegiň Özbegistan Respublikasynyň Gümrük komitetiniň ýanyndaky Merkezine baryp gördüler. Bu Merkez 2023-nji ýylyň awgust aýynda açylyp, bu toplum öz içine maglumatlary gaýtadan işleýän merkezini, uzakdan elektron deklarirleme nokadyny, jaň merkezini, nyşana almak we töwekgelçilikleri dolandyrmak bölümlerini alýar.  Merkeziň maglumatlar ulgamy daşary ýurt edaralarynyň, ýerli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, daşary ykdysady işine gatnaşyjylaryň we awiakompaniýalaryň maglumat ulgamlary bilen utgaşdyrylan.  

Uzakdan elektron deklarirleme nokadynda aralykdan berlen ýük gümrük deklarasiýalaryna, şeýle hem gümrük komitetiniň jaň merkeziniň “11-08” gyzgyn telefon arkaly we web-saýty arkaly alnan haýyşnamalara we ýüztutmalara seredilýär. Nyşana almak we töwekgelçilikleri dolandyrmak bölümlerinde gümrügiň 50 sany maglumatlar ulgamy, Bütindünýä gümrük guramasynyň sanly maglumatlar ulgamy, şeýle hem daşary ýurtlaryň 30-dan gowrak edaralarynyň we gümrük gulluklarynyň maglumatlary seljerilýär, töwekgelçiliklere baha berilýär we ýurduň ähli gümrük edaralaryny işine uzakdan gözegçilik edilýär.

Saparyň çäklerinde wekiliýetiň agzalary daşary ýurt ykdysady işiniň "Arkbulok" we "Çukursaý Teh kontora" nokatlaryna, şeýle hem "Ýallama" serhetýaka gümrük nokadyna baryp gördüler we gümrük edaralarynyň işi bilen ýakyndan tanyşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýetiniň bu sapary, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol bir wagtda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Gözegçilik-seljeriş merkezini döretmek işinde Özbegistanyň oňyn tejribesini ulanmak üçin möhüm ähmiýete eýe boldy.