Habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana watan goragçylaryna sungatyň dürli ugurlary we döredijilik işleri bilen meşgullanmaga ähli şertler döredilýär. Bu günki gün Döwlet gümrük gullugynyň merdana harby gullukçylary tele we radio ýaýlymlarda, metbugat neşirlerinde we köpçülikleýin medeni çärelerde yzygiderli çykyş edýärler.

Ýakynda hem, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we «Adalat» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden «Jan Watanym Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Beýleki harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary bilen birlikde, Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary hem bu bäsleşige işjeň gatnaşdylar. Gullugyň Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy maýor Merjen Ataýewa döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolup, ol gymmatly bahaly sowgat we hormat haty bilen sylaglandy.

Harby gullukçylaryň şeýle gazanýan oňyn netijeleri olaryň geljekki üstünliklere ýetmegine, döredijilik bilen has-da içgin meşgullanmagyna uly itergi berer. Bu tagallalaryň sakasynda duran, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!