Habar

2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar ulag we gümrük ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar, şeýle hem gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmegiň we üstaşyr ugurlaryny ösdürmegiň täze çemeleşmelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Myhman, Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkeziniň häzirki zaman taslamalary bilen tanyş etdi. Türkmen tarapy hödürlenen başlangyçlary öwrenmäge hem-de hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, aýratyn hem gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak bilen bagly taslamalara gyzyklanma bildirilýändigi belledi.