Habar

2025-nji ýylyň 7-nji maýynda daşky gurşawy goramak we halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek ugrunda görülýän çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ozon merkezi bilelikde «Ozon dargadyjy maddalaryň we gidroftoruglerodlaryň bikanun söwdasynyň öňüni almak» boýunça işe täze kabul edilen ýaş harby gullukçylar üçin ýörite okuw çäresi geçirildi.

Okuw Arkadag şäheriniň gümrükhanasynyň  okuw otaglarynda geçirildi. Ýaş harby gullukçylar ozon gatlagyny bozýan maddalaryň söwdasyny düzgünleşdirýän halkara ölçegler we milli kanunçylyk bilen tanyşdylar. Esasy üns şeýle howply maddalaryň Türkmenistanyň çägine bikanun getirilmeginiň öňüni alýan usullara we olary ýüze çykarmaga gönükdirildi.

«Ýaş harby gullukçylaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak we olary hünär taýdan taýýarlamak biziň işimiziň möhüm bölegidir, aýratyn-da daşky gurşawy goramak ýaly wajyp ugurlarda. Bu okuw çäresi bu ugurda bilim alyşmak we hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin meýdança boldy diýip hasaplaýarys» — diýip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň müdiri belledi.

Okuw çäresi diňe bir nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, Ozon dargadyjy maddalaryň bikanun dolanyşygyna garşy çäreleriň amaly taraplaryny hem öz içine aldy. Bu okuw çäresi Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamasynyň bir bölegi boldy.