Habarlar
RSS

19.07.2022

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine oba hojalygynda we ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

19.07.2022

Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş

Düýn paýtagtymyzda Ýewraziýada üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga bagyşlanan “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly iki günlük halkara maslahat öz işine başlady.

18.07.2022

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy.

17.07.2022

Ýük daşamalary üçin-Brýansk maşyngurluşygy zawodynyň kuwwatly magistral teplowozlary.

«Türkmendemirýollary» agentligi Russiýada öndürilen kuwwatly magistral teplowozlaryň bäşisini satyn aldy.

17.07.2022

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň maslahaty

16-njy iýulda sanly ulgam arkaly Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on dokuzynjy maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesine garaldy.

16.07.2022

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy. Ozal habar berlişi ýaly, 14-nji iýulda Daşkentde ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.