Habarlar
RSS

23.07.2022

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurduň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisä hem-de ýurduň halkyna mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

22.07.2022

Hormatly Prezidentimiz sebitiň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy

Düýn irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.

21.07.2022

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze ýokary tehnologiýaly desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

21.07.2022

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Premýer-ministrini kabul etdi

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip paýtagtymyza gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili bilen duşuşdy.

21.07.2022

Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

20.07.2022

Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň gurluşygyna badalga berildi

Düýn Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi.