Habarlar
RSS

25.05.2022

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy amerikan işewürleri bilen duşuşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart we “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory, direktorlar geňeşiniň agzasy Jon Riz bilen duşuşdy.

25.05.2022

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde “Soňky jaň” mynasybetli dabaralar geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň uçurymlary üçin soňky jaň kakyldy. Watanymyzyň ähli künjeklerinde belent maksatlara ýetmäge ruhlanan ýaş oglan-gyzlaryň on müňlerçesiniň durmuşyndaky ýatdan çykmajak waka — okuw ýylynyň tamamlanmagyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleri geçirildi. Olar mekdep ýyllarynda ähli ulgamlarda özlerini kämilleşdirmek üçin ygtybarly binýada öwrülen köptaraplaýyn bilim aldylar.

25.05.2022

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty hem-de “Niсklaus Сompanies” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory we direktorlar geňeşiniň agzasy Jon Rizi kabul etdi.

24.05.2022

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek hem-de öňde boljak baýramçylyk senelerine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

23.05.2022

Uçar kerosinini daşary ýurtly telekeçilerde uly gyzyklanma döredýär

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy

21.05.2022

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýary kabul etdi.