Habarlar
RSS

06.06.2022

Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şwesiýanyň Patyşasy Karl XVI Gustawa we ýurduň halkyna Şwesiýanyň Milli güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

06.06.2022

Türkmenistanyň hünärmenleri Owganystanda demir ýol gurluşugyna dowam etmäge girişýärler

“Türkmendemirýollary” agentliginiň we Owganystanyň Demirýollar guramasynyň arasynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, 2022-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň demirýolçulary we bilermenleri Akina şäherine Akina-Andhoý demirýolunyň gurluşygyny dowam etmek üçin geldiler.

06.06.2022

Ýurdumyzda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni giňden bellenildi

Düýn Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp «Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň döwlet ekologiýa syýasaty — durnukly ösüşiň we «ýaşyl» ykdysadyýetiň binýady» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

05.06.2022

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisi

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, beýleki käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.

05.06.2022

Toplumlaýyn çemeleşme gurluşyk işleriniň hiliniň we netijeliliginiň esasydyr

Düýn Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de bu iri taslamany üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi babatda degişli ýolbaşçylar bilen maslahat geçirdi.

04.06.2022

Welosipede bagyşlanan täsin ýadygärlikler

Şu gün Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi.