Habarlar
RSS

16.04.2022

Türkmenistanyň Prezidenti Daniýanyň Şa zenanyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daniýanyň milli baýramy — Şa zenanynyň doglan güni mynasybetli Daniýanyň Şa zenany hanym Margrete II we ýurduň ähli halkyna ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

16.04.2022

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäherindäki köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda toý saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow düýn 400 orunlyk köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu hassahana ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýän düzümleriniň üstüni ýetirdi.

15.04.2022

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynda toý saparynda bolmagynyň barşynda bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň günbatar welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda, şeýle-de degişli hasabatlar diňlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

14.04.2022

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

14.04.2022

Hormatly Prezidentimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gazananlarynyň sergisi bilen tanyşdy

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy.

13.04.2022

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Mian Muhammad Şahbaz Şarife Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.