Habarlar
RSS

03.04.2022

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda gepleşikler geçirildi

Düýn paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda gepleşikler geçirildi.

02.04.2022

Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlandy

Düýn Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi.

01.04.2022

Lebap welaýat gümrükhanasynyň “Farap awtoýollary” gümrük nokadynda Port gözegçilik toparynyň açylyşy boldy

2022-nji ýylyň 1-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirligi bilen hyzmatdaşlykda BMG-niň Neşe neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň hem-de Bütündünýä gümrük guramasynyň bilelikdäki «Konteýnerli ýük daşamalara gözegçilik etmek boýunça Ählumumy Maksatnamasynyň» çäklerinde Lebap welaýat gümrükhanasynyň “Farap awtoýollary” gümrük nokadynda Port gözegçilik toparynyň açylyş dabarasy geçirildi.

01.04.2022

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli wajyp meselelere we milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudaklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

18.03.2022

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Türkmenistanyň saýlanan Prezidentini gutlady

Düýn Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini we okgunly ösüşini kanagatlanma bilen bellediler.

06.07.2021

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri gender nukdaýnazaryndan söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşdy

2021-nji ýylyň 14-18-nji iýuny aralygynda Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän «Ready4Trade Merkezi Aziýa» atly taslamanyň çäklerinde BMG-niň Halkara söwda merkezi (ITC) gümrük gullugynyň işgärleri üçin gender nukdaýnazaryndan söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça sebitleýin okuw maslahatyny geçirdi. Okuw maslahatyna Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklarynyň wekilleri gatnaşdy. Çäräniň dowamynda Halkara söwda guramasynyň hünärmenleri Gender nukdaýnazaryndan söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça çykyş edip, gatnaşyjylara bu mesele boýunça giň düşünje berdiler. Soňra okuw maslahatynyň amaly bölegide gatnaşyjylar bu okuw modullary bilen özbaşdak çykyş etdiler.