Habarlar
RSS

19.05.2021

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk çärelerine gatnaşdy

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdak meýdançasynda Döwlet baýdagyna gül goýmak dabarasy boldy. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylda hem-de eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna we Aşgabadyň 140 ýyllygyna beslenen ýylda bellenilýän baýramçylyklar giň gerimi bilen tapawutlanýar. Türkmen halky milli Lideriniň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda uly ähmiýetli başlangyçlary durmuşa geçirýär, häzirki döwrüň möhüm meselelerini...

18.05.2021

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda gepleşikler geçirildi. Tatarystanyň Baştutany “Oguz han” köşkler toplumyna geldi. Bu ýerde ony döwlet Baştutanymyz mähirli garşylady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow birek-birek bilen mähirli salamlaşdylar. Asylly däbe görä, döwlet Baştutanlary ýadygärlik surata düşdüler. Soňra Prezidentler ikiçäk duşuşygyň geçirilýän ýerine geldiler. Milli Liderimiz Tatarystanyň...

15.05.2021

Balkan welaýatynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi geçirildi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelip, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi, şeýle hem Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisine gatnaşdy. Gün tertibine döwlet syýasatynyň möhüm meseleleri hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalary girizildi. Döwlet Baştutanymyz gün tertibine girizilen meselelere geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Ol halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlarynda we sebitlerde durnukly ösüşi üpjün etmek...

14.05.2021

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Ýosihide Suga döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we onuň geljekki ösüşiniň esasy ugurlaryny, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara syýasatyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Premýer-ministr Ýosihide Suga hormatly Prezidentimize ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine yzygiderli goldaw berýändigi we oňyn başlangyçlary öňe sürýändigi üçin hoşallyk bil...

13.05.2021

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi adamzadyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryna ýugrulan hem-de halklary birek-birege baglanyşdyrýan mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ynsanperwerligiň belent nusgasyna öwrülen Oraza baýramynyň çuň mazmunly, baý öwüşginli dabaralary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da pugtalandyrsyn! Oraza baýramy adamzadyň ruhy tämizlik, ahlak arassalygy, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dostluk we doganlyk, şükranalyk hem-de agzybirlik ýaly gymmatlyklaryny dabaralandyrýar. Şoňa görä-de, müňýyllyklaryň do...

13.05.2021

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny hem-de azerbaýjan tarapynyň däbe öwrülen hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi baradaky sözlerini ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly...