Habarlar
RSS

13.05.2021

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny hem-de azerbaýjan tarapynyň däbe öwrülen hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi baradaky sözlerini ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly...

12.05.2021

Milli Liderimiz ekologiýa çäresiniň çäklerinde welosipedli ýörişe gatnaşdy

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa çäresine gatnaşyp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň 140 ýyllygyna gabatlanylan köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi. Irden milli Liderimiz Aşgabadyň günorta bölegine tarap ugrady. Köpetdagyň eteginde ýerleşýän bu künjekde paýtagtymyzyň işewür we medeni merkezi kemala gelýär, şeýle hem halkara derejesindäki döwrebap lukmançylyk desgalarynyň toplumy ýerleşýär. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz ekologiýa we sport çäresine badalga berip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýew bilen bilelikde, ýurdumyzyň...

11.05.2021

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

2021-nji ýylyň 10-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi, diýip TDH habar berýär. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, şeýle hem öňümizdäki baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere seredildi.

10.05.2021

Türkmenistana Hytaýyň “CoronaVac” sanjymy getirildi

Düýn COVID-19 ýiti ýokanç keseline garşy Hytaýyň «Sinovac» kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan “CoronaVac” waksinasynyň uly tapgyry Türkmenistana getirildi. Dünýäniň ençeme ýurtlarynda geçirilen kliniki barlaglaryň netijesinde, bu waksina özüniň ýokary netijeliligini we howpsuzdygyny subut etdi.Immunizasiýa milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň strategik ugurlarynyň biridir. Şol maksatnamanyň ileri tutulýan möhüm ugurlary ilatyň saglygyny gowulandyrmakdan, raýatlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmakdan hem-de halkara ölçeglere kybap gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemekden ybaratdyr.

10.05.2021

Köpçülikleýin ekologiýa çäreleri Watanymyzyň gülläp ösmegine goşantdyr

Aşgabat şäheriniň häkimligi we jemgyýetçilik guramalary paýtagtymyzda 10 — 25-nji maý günlerinde ekologik çäräni guramak baradaky başlangyç bilen çykyş edýär. Bu çärä isleg bildirýän adamlaryň ählisi gatnaşyp biler. Ekologik abadançylyk baradaky alada milli Liderimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup, her bir türkmenistanlynyň saglygyny, doly bahaly we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek şol syýasatyň baş maksadydyr. Häzir dünýäde ekologik meseleleriň ähmiýetine hemme döwürlerdäkiden oňat düşünilýär. Şol meseleleri çözmezden, adamzat jemgyýetiniň mundan beýläkki durnukly ösüşini göz öňüne getirmek mümkin däl.

10.05.2021

Milli Liderimiz Ýeňiş gününiň 76 ýyllygynyň hormatyna geçirilen dabaralara gatnaşdy

Düýn ýurdumyzda umumymilli baýramçylyk 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy bellenildi. Paýtagtymyzdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Harby şöhradyň we umumy halk hatyrasynyň mukaddes ýerine öwrülen belent ýadygärlikleriň etegine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ajaýyp gül çemenleri goýuldy. Hormatly Prezidentimiziň asylly göreldesine eýerip, çärä gatnaşyjylar Watan ugrunda baş goýan gerçeklerimiziň ruhlaryny hatyraladylar.