Gümrük habarlary
oops

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň sorag-jogap hyzmaty

Şu ýylyň fewral aýynda işe girizilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň sorag-jogap hyzmaty gysga wagtyň içinde gümrük ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrýan möhüm gurala öwrüldi. Bu hyzmat arkaly fewral-aprel aýlarynda 201 ýüz tutma kabul edilmegi, onuň raýatlar we işewürler üçin derwaýyslygyny we zerurlygyny aýdyň görkezýär.

Ýüz tutmalaryň aglabasy, harytlary gümrük taýdan resmileşdirmek we eksport-import amallary bilen baglanyşykly, şeýle hem Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerindäki gümrük nokatlarynda ýüze çykýan soraglardan ybarat boldy.

Sorag-jogap hyzmatynyň işe girizilmegi Döwlet gümrük gullugy bilen raýatlaryň we işewürleriň arasynda açyk aragatnaşygy ýola goýmakda uly ähmiýete eýe boldy. Zerur maglumatlaryň öňünden we dürs alynmagy serhetden geçiş we gümrük taýdan resmileşdiriş işlerini ep-esli ýeňilleşdirdi.

 

Bu sorag-jogap hyzmaty tölegsiz amala aşyrylýar.

Sorag-jogap hyzmatynyň iş wagty:

hepdäniň ýekşenbeden başga her güni, sagat 09:00-dan 17:00-a çenli

Sorag-jogap alyşmak üçin telefon belgisi: 39-41-39