Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 27-nji iýunynda çykaran 9925-nji karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň çäklerinden daşary alnyp gidilende gümrük paçlary tölenmeýän we mukdar taýdan çäklendirilmeýän harytlaryň sanawyna (4-nji goşundy) laýyklykda, hususy telekeçileriň we şahsy taraplaryň şu azyk harytlaryny (önümlerini) Türkmenistanyň çäginden daşary alyp gitmegine rugsat berilýär:
1. Alkogolly içgiler
2. Mineral suw
3. Alkogolsyz içgiler
4. Gök we bakja önümleri, ir-iýmişler
5. Makaron önümleri
6. Ary baly
7. Nahar duzy
8. Pomidor goýutmasy
9. Doňdurma we düzüminde kakao bolan ýa-da bolmadyk iýmitlik buzuň beýleki görnüşleri
10. Mineral bejeriş suwlary
11. Gaplanan gök we miwe önümleri
12. Süýji-köke önümleri
13. Balyk konserwleri
14. Pagta ýagy