Köp soralýan soraglar
Edara görnüşli taraplardan başga, hususy telekeçiler azyk harytlarynyň haýsy görnüşlerini eksport edip bilýär?

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 27-nji iýunynda çykaran 9925-nji karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň çäklerinden daşary alnyp gidilende gümrük paçlary tölenmeýän we mukdar taýdan çäklendirilmeýän harytlaryň sanawyna (4-nji goşundy) laýyklykda, hususy telekeçileriň we şahsy taraplaryň şu azyk harytlaryny (önümlerini) Türkmenistanyň çäginden daşary alyp gitmegine rugsat berilýär:

1. Alkogolly içgiler

2. Mineral suw

3. Alkogolsyz içgiler

4. Gök we bakja önümleri, ir-iýmişler

5. Makaron önümleri

6. Ary baly

7. Nahar duzy

8. Pomidor goýutmasy

9. Doňdurma we düzüminde kakao bolan ýa-da bolmadyk iýmitlik buzuň beýleki görnüşleri

10. Mineral bejeriş suwlary

11. Gaplanan gök we miwe önümleri

12. Süýji-köke önümleri

13. Balyk konserwleri

14. Pagta ýagy