Gümrük gözegçiligi
Döwletiň peýdasyna ýüz döndermek gümrük düzgüni hakynda düzgünnama

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan 2005-nji ýylyň 4-nji aprelinde tassyklanyldy

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2005-nji ýylyň 18-nji aprelinde 342 san bilen bellige alyndy.

Döwletiň peýdasyna ýüz döndermek gümrük düzgüni hakynda düzgünnama

 

I. Umumy düzgünler

1.1. Döwletiň peýdasyna ýüz döndermek - munuň özi gümrük düzgüni bolup, onda Türkmenistanyň gümrük çägine getirilen we gümrük gözegçiligi astynda duran harytlar salgytlary, gümrük paçlary tölenmezden we Türkmenistanyň kanunlarynda bellenilen ykdysady taýdan düzgünleşdirmegiň çäreleri ulanmazdan döwletiň eýeçiligine muzdsuz geçirilýär.
1.2. Şu Düzgünnamanyň maksatlary üçin haryt hökmünde Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän islendik emläge (elektrik, ýylylyk we beýleki görnüşdäki energiýalardan başga), şol sanda ulag serişdelerine düşünilýär.

II. Harytlary döwletiň eýeçiligine öwürmegiň esaslary

2.1. Döwletiň peýdasyna ýüz döndermek gümrük düzgüninde harytlary döwletiň eýeçiligine öwürmäge, şolar ýaly harytlaryň kimiň eýeçiliginde bolsa, şol tarapyň gümrük edarasyna resmi (hat üsti bilen) ýüz tutmagy esas bolup durýar.
2.2. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dolanşygy gadagan edilen harytlar döwletiň peýdasyna ýüz döndermek gümrük düzgünine ýerleşdirilip bilinmez.
2.3. Döwletiň peýdasyna ýüz döndermek gümrük düzgünine aşakdaky harytlaryň ýerleşdirilmegine ýol berilmeýär:

  • ulanmak möhleti geçen harytlar, şeýle hem Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda bellenilen döwlet standartyna laýyk gelmeýän harytlar. Degişli döwlet edaralarynyň netijenamasyna görä gaýtadan işlemäge degişli bolan harytlara kadadan çykma hökmünde garalyp bilner;
  • ýaraglar, oňa ok-däriler, harby tehnika we onuň ätiýaçlyk şaýlary, üpjün ediji önümleri hem-de abzallary;
  • harbylaşdyrylan guramalaryň şahsy düzüminiň ýörite enjamlary we olary öndürmek we ulanmak üçin kadalaşdyryjy-tehniki önümler;
  • partlaýjy maddalar, partladyş serişdeleri;
  • raketa-kosmiki toplumlar, harby maksatly aragatnaşyk we dolandyryş ulgamlary hem-de olary öndürmek we ulanmak üçin kadalaşdyryjy-tehniki resmi namalar;
  • raketa ýangyjynyň ähli görnüşleri, şeýle hem olary öndürmek üçin ýörite serişdeler we ýörite enjamlar;
  • söweş zäherleýji maddalar, olardan goranyş serişdeleri hem-de olary öndürmek we peýdalanmak üçin kadalaşdyryjy - tehniki resminamalar;
  • uran, beýleki bölünýän serişdeler we olardan ýasalan önümler;
  • ylmy-barlag we taslama işleriniň, şeýle hem ýaraglary we harby tehnikany döretmek boýunça düýpli gözleýiş barlaglaryň netijeleri;
  • şifrleýji enjamlar hem-de ony öndürmek we peýdalanmak üçin kadalaşdyryjy-enjamlaýyn resmi namalar;
  • neşe serişdeleri, psihotrop, güýçli täsir ediji, awuly maddalar, şeýle hem prekursorlar;
  • radioaktiw serişdeleriň, partlaýjy maddalaryň galyndylary we senagat galyndylary.

III. Harytlary döwletiň peýdasyna öwürmegiň tertibi

3.1. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy harydyň eýesinden harytlary döwletiň peýdasyna ýüz döndermek baradaky hat üsti bilen ýüz tutmasyny alanda, şolar ýaly harytlaryň niýetlenişi boýunça peýdalanmagynyň mümkinçiliklerinden goldanyp, olary döwlet edaralaryna paýlamak hakynda teklipleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň derejesinde ylalaşýar.
3.2. Döwletiň eýeçiligine öwrülýän harytlaryň berilmegi, ygtyýarly çäklerinde şolar ýaly harytlaryň bolan gümrük edarasy tarapyndan muzdsyz amala aşyrylýar.
3.3. Döwletiň eýeçiligine öwrülýän harytlaryň berilmegi, şu Düzgünnamanyň goşundysynda görkezilen görnüşde, bermek-kabul etmek hakyndaky güwänama boýunça resmileşdirilýär.
3.4. Harytlar berlen tarap, olary Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde gümrük taýdan resmileşdirmegi amala aşyrýar.
3.5. Harytlaryň gümrük taýdan resmileşdirilmegi, ygtyýarly iş çäklerinde şolar ýaly harytlaryň duran gümrük edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.
3.6. Döwlet edarasy tarapyndan döwletiň eýeçiligine öwrülen harytlary niýetlenişi ýaly ulanmakdan ýüz dönderilen halatynda, degişli gümrük edarasy, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň razyçylygy bilen, bermek-kabul etmek güwänamasy boýunça, şolar ýaly harytlary geljekde ýerlemäge ygtyýarly döwlet edarasyna berýär. Ygtyýarly döwlet edarasyna berlen gününden, görkezilen harytlar gümrük maksatlary üçin, Türkmenistanyň gümrük çäklerinde erkin dolanyşyga goýberilen häsiýetine eýedir.
3.7. Döwletiň eýeçiligine öwrülen ýa-da geljekde ýerlemek üçin ygtyýarly döwlet edarasyna berlen harytlaryň gümrük taýdan resmileşdirilmegi tamamlanandan soň gümrük düzgüniniň üýtgedilmegine ýol berilmeýär.
3.8. Gümrük taýdan resmileşdirilmeginden ýa-da geljekde ýerlemek üçin ygtyýarly döwlet edarasyna berilmeginden öň, degişli esaslaryň bolan halatynda döwletiň eýeçiligine öwrülen harytlar harytlary ýok etmek gümrük düzgünine laýyklykda ýok edilip (ikilenç ulanylyp) bilner.

IV. Jemleýji düzgünler

4.1. Gümrük edaralary döwletiň peýdasyna öz islegi boýunça ýüz dönderen tarapyň harytlary babatda ygtyýarly taraplaryň haýsy bolsa-da emläk nägilelikleriň öwezini dolmaýarlar.