Gümrük gözegçiligi
Gümrük gözegçiligi zolaklaryny döretmegiň we belgilemegiň tertibi hem-de olar üçin talaplar

(Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2019-njy ýylyň 20-nji dekabrynda çykaran 153 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy)

 

I bap. Umumy düzgünler

1. Gümrük gözegçiligi zolaklaryny döretmegiň we belgilemegiň tertibi hem-de olar üçin talaplar (mundan beýläk-Tertip) Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 311-nji maddasynyň üçünji bölegine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy we gümrük gözegçiligi zolaklaryny (mundan beýläk - GGZ-leri) döretmegiň, belgilemegiň hem-de ýatyrmagyň tertibini, GGZ-ler üçin talaplary kesgitleýär.
2. GGZ-ler harytlaryň we ulag serişdeleriniň gümrük gözden geçirmesi we gümrük barlagy görnüşlerinde gümrük gözegçiligini amala aşyrmak, olary gümrük gözegçiligi astynda saklamak we ondan-oňa geçirmek maksatlary üçin döredilýär.
3. Şu Tertibiň düzgünleri Türkmenistanyň Döwlet serhediniň boýunda we Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçiriş ýerlerinde döredilýän GGZ-lere degişli däldir. 
4. Şu Tertibiň maksatlary üçin:
    1) düşünjeler Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 5-nji maddasynda kesgitlenilen manylarda ulanylýar, muňa «dahylly şahs» düşünjesi degişli däldir; 
    2) dahylly şahs - hemişelik GGZ-iň çägindäki jaýlara, binalara we desgalara, şol sanda wagtlaýyn saklanylýan ammara, gümrük ammaryna, paçsyz söwda dükanyna eýelik edýän we (ýa-da) harytlar babatda ygtyýarlyklary bolan şahs, wagtlaýyn GGZ döredilende harytlar we (ýa-da) ulag serişdeleri babatda ygtyýarlyklary bolan şahs. 
5. GGZ-ler gümrük taýdan resmileşdirmegiň we gümrük operasiýalarynyň amala aşyrylýan ýerlerinde, harytlaryň düşürilip ýüklenilýän, harytlaryň we ulag serişdeleriniň gümrük gözden geçirmesiniň hem-de gümrük barlagynyň geçirilýän ýerlerinde, harytlaryň wagtlaýyn saklanylýan ýerlerinde, gümrük gözegçiligi astynda bolýan harytlary daşaýan ulag serişdeleriniň durýan ýerlerinde, şeýle hem Türkmenistanyň Gümrük kodeksine laýyklykda kesgitlenilen başga ýerlerde döredilip bilner.
6. GGZ-ler olarda gümrük gözegçiligine degişli harytlar yzygiderli bolan halatlarda hemişelik ýa-da wagtlaýyn bolup biler.
7. Şu Tertibiň II we VI baplaryny ulanmak maksatlary üçin, hemişelik GGZ-ler bolup durýan: 
    1) wagtlaýyn saklanylýan ammarlardan;
    2) wagtlaýyn saklanylýan ammar hökmünde ulanmak üçin niýetlenilen jaýlara we (ýa-da) açyk meýdançalara ýanaşyk ýerleşýän, harytlary daşaýan ulag serişdeleriniň durmagy üçin enjamlaşdyrylan goralýan çäklerden;
    3) gümrük ammarlaryndan;
    4) paçsyz söwda dükanynyň jaýlaryndan;
    5) erkin ykdysady zolagyň çäginden (hyzmat ediş erkin ykdysady zolaklary muňa degişli däldir) başga hemişelik GGZ-lere düşünilýär.

II bap. GGZ-leri döretmek

8. Hemişelik GGZ-ler gümrük gözegçiligine degişli harytlaryň yzygiderli bolýan, gümrük operasiýalarynyň yzygiderli amala aşyrylýan ýerlerinde, ýagny:
    1) deňiz portlarynyň we port nokatlarynyň çäklerinde;
    2) demir ýol beketleriniň çäklerinde;
    3) aeroportlaryň çäklerinde;
    4) öndürýän önümlerini eksport edýän kärhanalaryň çäklerinde;
    5) ýük alyjylaryň ammarlarynyň çäklerinde;
    6) halkara poçta alyş-çalyş edilýän ýerleriň çäklerinde;
    7) Türkmenistanyň Gümrük kodeksine laýyklykda kesgitlenilen başga ýerlerde döredilip bilner.
9. Wagtlaýyn GGZ-ler:
    1) gümrük operasiýalarynyň amala aşyrylýan ýerlerinden başga ýerde harytlary we ulag serişdelerini gümrük taýdan resmileşdirmegi geçirmek üçin - eger gümrük edaralary tarapyndan öz wezipeleriniň päsgelçiliksiz amala aşyrylmagyny üpjün etmek zerurlygyndan ugur alnyp GGZ-i kesgitlemek talap edilse, gümrük taýdan resmileşdirmegi geçirmegiň wagtyna;
    2) hemişelik GGZ-lerden başga ýerde gümrük edaralary tarapyndan ýüze çykarylan harytlary we ulag serişdelerini gözden geçirmek ýa-da barlamak zerur bolan mahalynda;
    3) Türkmenistanyň Gümrük kodeksinde bellenilen ýagdaýlarda, gümrük gözegçiligi astyndaky harytlary wagtlaýyn saklanylýan ammarlardan başga ýerlerde wagtlaýyn saklamak maksatlary üçin;
    4) gümrük ammary gümrük düzgünine ýerleşdirilip, öz gabaralaryna görä amatly ýakynlykdaky gümrük ammaryna ýerleşdirilip bilinmeýän harytlary gümrük ammaryndan başga ýerlerde saklamak maksatlary üçin döredilip bilner.
10. Hemişelik GGZ-i döretmek hakyndaky çözgüt iş zolagynda ol hemişelik GGZ döredilýän ýer (çäk) ýerleşýän gümrükhananyň ýolbaşçysy ýa-da onuň ýerine galan şahs tarapyndan kabul edilýär.
11. Hemişelik GGZ-i döretmek hakyndaky çözgüt, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary bilen ylalaşylmagy boýunça, döredilýän hemişelik GGZ iş zolagynda ýerleşýän gümrükhananyň ýolbaşçysynyň ýa-da onuň ýerine galan şahsyň buýrugy bilen resmileşdirilýär.
Hemişelik GGZ-i döretmek hakyndaky buýrukda şular görkezilýär:
    1) GGZ-i döretmek üçin esas we döretmegiň maksady;
    2) GGZ-iň ýerleşýän ýeri;
    3) GGZ-iň çäginiň serhetleri we olary şahslaryň, harytlaryň we ulag serişdeleriniň kesip geçýän ýerleri;
    4) GGZ-de bellenilen düzgüni saklamagy üpjün edýän guramaçylyk, tehniki we başga çäreler; 
    5) belgilemek üçin ulanylýan serişdeler;
    6) harytlary we ulag serişdelerini GGZ-e ýerleşdirmek we olaryň GGZ-den gitmegi üçin bellenilen wagt;
    7) harytlar babatda ygtyýarlyklary bolan we (ýa-da) eýeçiliginde gümrük operasiýalaryny geçirmek, wagtlaýyn saklanylýan ammara ýerleşdirmezden harytlary we ulag serişdelerini saklamak üçin niýetlenen jaýlar we (ýa-da) açyk meýdançalar bolan şahs barada maglumat.
Buýruga hemişelik GGZ-iň çäginiň we onuň serhetleriniň meýilnama ýa-da karta görnüşindäki grafiki çyzgysy goşulýar.
Hemişelik GGZ-i döretmek hakyndaky buýrugyň göçürme nusgasy, gol çekilen gününden başlap üç iş gününiň dowamynda dahylly şahsa iberilýär.
12. Hemişelik GGZ-i döretmek üçin şularyň biri esas bolup biler:
    1) dahylly şahsyň gümrük edarasyna delillendirilen ýüztutmasy;
    2) gümrük edarasynyň wezipeli adamynyň Hemişelik GGZ-i döretmegiň zerurdygy barada habarnamasy;
    3) gümrükhananyň ýolbaşçysynyň ýa-da onuň ýerine galan şahsyň buýrugy bilen döredilen, Hemişelik GGZ-i döretmegiň zerurlygyny seljeriş topary tarapyndan düzülen Hemişelik GGZ-i döretmegiň maksada laýykdygy we onuň bildirilýän talaplara laýyk gelýändigi barada delilnama;
    4) Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçysynyň ýa-da onuň ýerine galan şahsyň görkezmesi.
13. Wagtlaýyn GGZ-i döretmek hakyndaky çözgüt, dahylly şahsyň delillendirilen ýüztutmasy ýa-da döredilýän wagtlaýyn GGZ iş zolagynda ýerleşýän gümrük edarasynyň wezipeli adamynyň Wagtlaýyn GGZ-i döretmegiň zerurdygy barada habarnamasy esasynda, ol gümrük edarasynyň ýolbaşçysy ýa-da onuň ýerine galan şahs tarapyndan ýazmaça görnüşde kabul edilýär.
Dahylly şahsyň ýüztutmasynda ýa-da gümrük edarasynyň wezipeli adamynyň Wagtlaýyn GGZ-i döretmegiň zerurdygy barada habarnamasynda şular görkezilýär:
    1) GGZ-i döretmek üçin esas we döretmegiň maksady;
    2) GGZ-iň döredilýän senesi we möhleti;
    3) wagtlaýyn GGZ-iň gümrük edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlary tarapyndan resmileşdirilen resminamalaryň esasynda döredilýän halatlarynda, ol resminamalaryň belgileri we seneleri; 
    4) harytlar babatda ygtyýarlyklary bolan we (ýa-da) eýeçiliginde harytlaryň we ulag serişdeleriniň gümrük gözden geçirmesi hem-de gümrük barlagy amala aşyrylýan, şeýle hem döredilýän wagtlaýyn GGZ-iň çäklerinde gümrük operasiýalaryny geçirmäge, harytlary saklamaga rugsat berlen jaýlar we (ýa-da) açyk meýdançalar bolan şahs barada maglumat.
    5) GGZ-iň ýerleşýän ýeri;
    6) GGZ-iň çäginiň serhetleri we olary şahslaryň, harytlaryň we ulag serişdeleriniň kesip geçýän ýerleri;
    7) belgilemek üçin ulanylýan serişdeler.
Wagtlaýyn GGZ-i döretmek hakyndaky çözgüt, döredilýän wagtlaýyn GGZ iş zolagynda ýerleşýän gümrük edarasynyň ýolbaşçysy ýa-da onuň ýerine galan şahs tarapyndan ýüztutmada ýa-da habarnamada «Wagtlaýyn GGZ-i döretmäge rugsat berilýär» ýazgynyň edilmegi arkaly, görkezilen adamyň golunyň we senäniň goýulmagy bilen kabul edilýär.
    Wagtlaýyn GGZ-i döretmek hakynda kabul edilen çözgüt barada, onuň kabul edilen güni dahylly şahsa dil üsti bilen habar berilýär.

III bap. GGZ-leri enjamlaşdyrmak

14. Hemişelik GGZ haýat (germew), gözegçilik-geçiriş ulgamy, ulag serişdeleriniň durmagy üçin ýerler görkezilen kämil ýol örtügi we ýangyn söndüriji serişdeler bilen enjamlaşdyrylýar.
Demir ýol beketlerinde ýerleşýän hemişelik GGZ-ler demir ýol ulag serişdesiniň hereketiniň we demir ýol bekediniň işiniň tehnologik aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen enjamlaşdyrylýar.
15. GGZ-i enjamlaşdyrmak dahylly şahs tarapyndan amala aşyrylýar. 
16. GGZ-i enjamlaşdyrmak gümrük gözegçiliginiň operasiýalaryny amala aşyrmak üçin amatly şertleri döretmegi göz öňünde tutýar. 

IV bap. GGZ-leri belgilemek

17. GGZ girelgesinde we çäginiň serhetlerinde (çäginde) ýerden 150 santimetr beýiklikde, ýanaşyk ýerleşýän çäkden gije-gündiziň ýagty we garaňky wagtlary aýdyň görünmegini üpjün edýän uzaklykda gönüburçluk görnüşli, ýaşyl reňkdäki ýerlikli, türkmen we iňlis dillerinde, degişlilikde - «Gümrük gözegçiligi zolagy» we «Customs control zone» diýen ak reňkdäki ýazgyly maglumat beriş GGZ-iň belgisi (şu Tertibe 1-nji goşundy) bilen belgilenilýär. Görkezilen belgi GGZ-i belgilemegiň esasy serişdesi bolup durýar.
18. GGZ perimetrini düzýän gorag desgalaryna (haýat, gözenek, diwar we ş.m.) we binalaryň diwaryna gös-göni «Gümrük gözegçiligi zolagy» we «Customs control zone» diýen ýazgylary etmek bilen belgilenip bilner. Şunda ýazgynyň aýdyň görünmegini üpjün etmek maksatlary üçin, ol harplarynyň beýikligi 10 santimetrden uly bolan islendik ölçeglerde we ýerden 100 santimetrden ýokarda islendik beýiklikde ýazylyp bilner.
19. Gümrük edarasy tarapyndan maksada laýyk hasap edilen ýagdaýlarda, GGZ-iň belgisindäki iňlis dilindäki ýazgynyň başga islendik dildäki ýazga çalşyrylmagyna ýol berilýär.
20. Hemişelik GGZ-i belgilemek, ony döretmek hakyndaky çözgüt kabul edilenden soň, şeýle hem Türkmenistanyň Gümrük kodeksine laýyklykda harytlaryň we ulag serişdeleriniň ýerleşýän ýerleri GGZ-leri bolup durýan ýagdaýlarynda amala aşyrylýar.
21. Wagtlaýyn GGZ-iň çäginiň serhetleri, wagtlaýyn goýulýan maglumat beriş belgiden başga, ýerden 100 santimetr beýiklikde çekilýän GGZ-iň gorag talasy (lentasy) (şu Tertibe 2-nji goşundy) belgilenilip bilner. Şunda talasy we belgileri berkitmek üçin el ýüzündäki islendik materiallary we serişdeleri ulanmaga rugsat berilýär.
Wagtlaýyn GGZ-i belgilemek, ony döretmek hakyndaky çözgüt kabul edilenden soň amala aşyrylýar.
22. Gümrük edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça, demir ýol ulag serişdelerinde daşalýan harytlaryň düşürmezden öň ulag serişdesinde wagtlaýyn saklanylýan ýerlerinde, demir ýol bekediniň umumy peýdalanylýan, wagtlaýyn saklanylýan ammar bolup durmaýan ýerlerinde döredilýän wagtlaýyn GGZ gorag talasy bilen belgilenilmän bilner.
23. Gümrük gözegçiligi astyndaky harytlary daşaýan awtoulag serişdesini mejbury duruzmak bilen ol harytlaryň gümrük gözden geçirmesini ýa-da gümrük barlagyny amala aşyrmak maksatlary üçin gümrük edarasy tarapyndan ýolda döredilýän wagtlaýyn GGZ, «Ýol hereketiniň kadalaryny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 3-nji dekabrynda çykaran 11924-nji karary bilen tassyklanylan, Ýol hereketiniň kadalaryna laýyklykda, degişli ýol belgileri bilen goşmaça belgilenilýär.
24. GGZ-i belgilemek, ony enjamlaşdyrmak işleriniň dowamynda amala aşyrylýar.
Wagtlaýyn GGZ-i belgilemek üçin gorag talasy we wagtlaýyn belgiler gümrük edarasy tarapyndan üpjün edilýär.
25. GGZ-i belgilemek üçin, onuň anyk çägi we serhedi, serhedini kesip geçilýän ýerler, girmäge rugsat berlen şahslar, onda bellenilen düzgün hem-de onuň hereketini beýan edýän we aýdyňlaşdyrýan başga maglumatlar görkezilen habar beriş tagtasy goşmaça ulanylyp bilner.

V bap. GGZ-ler üçin talaplar 

26. Guramaçylyk, tehniki we başga çäreleri geçirmek arkaly, GGZ-lerde aýratyn düzgün bellenilýär, oňa laýyklykda:
    1) gümrük gözden geçirmesini we gümrük barlagyny geçirmek, saklamak hem-de ýük we gümrük operasiýalaryny amala aşyrmak maksatlary üçin, gümrük gözegçiligi astyndaky harytlaryň we ulag serişdeleriniň erkin ýerleşdirilmegi, abatlygy we tükelligi üpjün edilýär;
    2) harytlaryň we ulag serişdeleriniň ýerleşdirilmegi gümrük edarasy     ýa-da dahylly şahs tarapyndan senäni, wagty we olary ýerleşdirmek üçin esasy görkezmek bilen bellenen tertipde bellige alynýar;
    3) harytlaryň we ulag serişdeleriniň gitmegine diňe gümrük edarasynyň rugsady bilen ýol berilýär we gümrük edarasy ýa-da dahylly şahs tarapyndan senäni, wagty we olaryň gitmegi üçin esasy görkezmek bilen bellenen tertipde bellige alynýar;
4) GGZ-leriň serhediniň üsti bilen we olaryň çäklerinde önümçilik we beýleki täjirçilik işini amala aşyrmaga, harytlary, ulag serişdelerini, beýleki döwlet edaralarynyň wezipeli adamlaryny goşmak bilen, şahslary geçirmäge gümrük edaralarynyň rugsady bilen we olaryň gözegçiligi astynda ýol berilýär, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen halatlar muňa degişli däldir. Görkezilen halatlarda GGZ-lere barmaga gümrük edaralarynyň deslapdan habardar edilmegi bilen rugsat berilýär.
27. Harytlaryň gümrük gözden geçirmesini we gümrük barlagyny geçirmek ýa-da hemişelik GGZ-den daşarda gümrük operasiýalarynyň geçirilmegine gyzyklanma bildirýän harytlaryň eýesiniň esaslandyrylan ýüztutmasy boýunça ol operasiýalary geçirmegiň wagtyna döredilen wagtlaýyn GGZ-de harytlaryň we ulag serişdeleriniň ýerleşdirilmegi we gitmegi bellige alynmaýar.

VI bap. GGZ-i döretmek hakyndaky çözgüdi ýatyrmak

28. Hemişelik GGZ-i ýatyrmak hakynda çözgüt gümrükhananyň ýolbaşçysynyň ýa-da onuň ýerine galan şahsyň buýrugy bilen resmileşdirilýär. 
29. Wagtlaýyn GGZ, döredilmegi üçin esas bolan çäreleriň tamamlanmagy ýa-da onuň Wagtlaýyn GGZ-i döretmek hakyndaky çözgütdäki (ýüztutmadaky ýa-da habarnamadaky) möhletiniň tamamlanmagy bilen ýatyrylýar.
30. GGZ ýatyrylandan soň, iş zolagynda ol GGZ bolan gümrük edarasy belgileýiş serişdelerini aýyrmak we dahylly şahslara GGZ-iň ýatyrylandygy barada habar bermek boýunça çäreleri geçirýär.

VII bap. Jemleýji düzgünler

31. Harytlaryň gümrük barlagy diňe GGZ-lerde amala aşyrylyp bilner.
32. Hemişelik GGZ-leri döretmek, enjamlaşdyrmak we belgilemek dahylly şahslaryň hasabyna amala aşyrylýar.
33. GGZ-iň bildirilýän talaplara laýyklygynyň gözegçiligi, iş zolagynda ol GGZ döredilen gümrük edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.
34. GGZ-leri döretmek we belgilemek bilen bagly şu Tertip bilen kadalaşdyrylmadyk gatnaşyklar Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

Goşundylar
oops
Gümrük gözegçiligi zolagy