Habarlar

Aşgabatda XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasy
6 Noý
Aşgabatda XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasy

2019-njy ýylyň 4-nji noýabrynda Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasy we onuň çäklerinde ylmy maslahat öz işine başlady.

Şu ýyl foruma dünýäniň 16 döwletinden metbugat öýleriniň we neşirýat kärhanalarynyň, işewür hem-de edebi toparlaryň, ylym we bilim merkezleriniň wekilleri, belli ýazyjylar, alymlar, terjimeçiler, kitaphana işi, IT-tehnologiýalar boýunça hünärmenler, žurnalistler gatnaşýarlar. Şolaryň hatarynda Awstriýa, Azerbaýjan, Belarus, Eýran, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Koreýa Respublikasy, Moldowa, Pakistan, Polşa, Russiýa, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Türkiýe, Ukraina, Fransiýa döwletlerinden wekiller bar.

Sergi-ýarmarkada iri daşary ýurt okuw mekdepleriniň — Moskwanyň politehniki uniwersitetiniň, Maşadyň Ferdöwsi uniwersitetiniň, Pekin döwlet uniwersitetiniň, Kiýewiň Boris Grinçenko adyndaky uniwersitetiniň, Stambul uniwersitetiniň diwarlyklary ýerleşdirildi.

Türkmenistandan sergä edara-kärhanalaryň 58-siniň, ýokary okuw mekdepleriň hem-de ylmy institutlaryň, kitaphanalaryň we muzeýleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bar. Iri döwlet kärhanalary, şeýle hem hususy çaphanalar ýurdumyzyň neşirýat senagatynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryp, dürli neşir önümleriniň giň toplumyny görkezdiler.