2026-njy ýylyň 10-11-nji sentýabry aralygynda Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (BGG) Türkmenistandaky Sebitleýin okuw merkezinde garyşyk (gibrid) formatda «Gümrükde sanly özgertmeler: maglumatlaryň utgaşdyrylmagy, töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamlary, maglumatlary seljermek hem-de awtomatlaşdyrmak işinde emeli aňy ulanmak» atly sebitleýin okuw maslahaty geçirildi.
Bu çärä Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynyň, Okuw merkeziň, Aşgabat şäher we Ahal welaýat gümrükhanalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Çärede, halkara bilermenler hökümnde hökmünde BGG-nyň Ýewropa sebiti boýunça Mümkinçilikleri ýokarlandyryş sebitleýin edarasynyň wekili Haji Hajiýew hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň bilermeni Ýusif Usubow çykyş etdiler. Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahata BGG Sekretariatynyň bilermenleri Dimitris Politopulos we doktor Tong Hua, şeýle hem BGG-nyň Ýewropadaky sebitleýin okuw merkezleriniň wekilleri goşuldylar.
BGG Sekretariatynyň wekilleri gatnaşyjylary sanly özgertmeleriň dünýä meýilleri we «Akylly gümrük» (Smart Customs) konsepsion taslamasynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdyrdylar. Esasy çykyş ediji Ýusif Usubow maglumatlary analitik taýdan işlemek we töwekgelçilikleri awtomatiki esasda kesgitlemek üçin maşynly okuw (Machine Learning) algoritmlerini hem-de emeli aň modellerini ornaşdyrmak boýunça Azerbaýjanyň tejribesi bilen gatnaşyjylary tanyş etdi. Öz gezeginde, türkmen hünärmenleri gümrük amallaryna sanly ulgamlary we emeli aňyň esasyndaky çözgütleri ornaşdyrmak boýunça milli tejribäni we gazanylan netijeleri barada aýdyp berdiler.
Jemleýji tegelek stoluň çäklerinde gatnaşyjylar sebitleýin hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, işgärler mümkinçiligini artdyrmak we bilelikdäki hereketleri amala aşyrmagyň meselelerine seretdiler. Maslahatynyň maksatnamasy myhmanlaryň Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Gözegçilik-seljeriş merkeziniň işi bilen tanyşmagy bilen tamamlandy.