Habarlar

 Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
11 Mar
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

2016-njy 10-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahy kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyp, ony mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Aziada-2017-ä taýýarlyk görmek söhbetdeşligiň esasy meselesi boldy.

Şunuň bilen baglylykda, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy Oýunlara taýýarlyk görmek meselelerine yzygiderli üns we ýakyndan goldaw berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Myhman şeýle hem bu ugurda Türkmenistanda amala aşyrylýan işlere ýokary baha berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň Aziada-2017-ä aýratyn ähmiýet berýändigini hem-de oňa taýýarlyk görmek işlerine örän jogapkärli çemeleşýändigini belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan indiki ýyl bu abraýly ýaryşlary mynasyp garşylamak hem-de ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli tagallalary eder.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy ýurdumyzyň hem-de AOG-niň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.