Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
11 Mar
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

2016-njy ýylyň 9-njy martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ralf Andreas Breti kabul etdi.

Ilçi Türkmenistanda diplomatik wekilhananyň baştutany hökmünde alyp baran işleriniň üstünlikli bolmagyna beren kömegi we goldawy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, GFR-nyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady.

Jenap Ralf Andreas Bret hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bütindünýä forumlarynyň belent münberinden öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň wajypdygyny nygtap, BMG-niň howandarlygynda ýöriteleşdirilen düzümi—Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly Tehnologiýalar merkezi boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklibiniň möhümdigini aýratyn belledi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgini     BMG-a agza döwletleriň, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň oňyn tejribesini nazarda tutmak bilen, ekologiýa meselelerini çözmekde özara hereket etmegiň täze görnüşlerini tapmagyň zerurdygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiz 2015-2016-njy ýyllarda ýurdumyzyň Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň durnukly ösüşi boýunça Halkara toparyna başlyklyk edýändigini nygtap, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda daşky gurşawy goramak babatda bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegini görkezdi.   

Duşuşygyň ahyrynda jenap Ralf Andreas Bret Türkmenistanda özüniň diplomatik işiniň üstünlige beslenmegine beren hemmetaraplaýyn goldawy üçin milli Liderimize ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, ýokary döwlet wezipesindäki köptaraplaýyn işinde üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa, parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.