Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden
12 Mar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

2016-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer DIM-niň alyp barýan işleri, 16–17-nji martda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň Pakistan Yslam Respublikasyna boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aziýa sebiti boýunça goňşy döwletler, şol sanda Pakistan Yslam Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy berkitmegiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtady. Şeýle hem, ýokary derejede geçiriljek türkmen-pakistan gepleşikleriniň ähmiýetini belläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna geljek hepdede göz öňünde tutulýan Pakistan Yslam Respublikasyna boljak resmi sapara taýýarlyk görmek babatda degişli tabşyryklary berdi. Şol gepleşikler netijeli döwletara gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da ösdürmäge gönükdirilendir.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, şeýle hem öndürilýän önümleriň kadalaryny we ölçeglerini işläp taýýarlamagyň tertibini kämilleşdirmek maksady bilen, geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenýän kararyň taslamasyna laýyklykda, Ykdysadyýet we ösüş ministrligi, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan degişli resminamalary taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bazar gatnaşyklarynyň häzirki zaman kanunlaryň we kadalaşdyryjy namalaryň özara hereket etmegine, öndürijileriň hem-de harytlary sarp edijileriň bähbitlerini nazarda tutýan zerur talaplara we görkezijilere esaslanmalydygyny belledi. Ykdysadyýetiň ähli meselelerini ykdysady-meýilleşdiriş kadalarynyň oýlanyşykly ulgamynyň bolan şertinde üstünlikli çözmek mümkindir.  Şol ulgam islendik haryt önümçiligini, işleri we hyzmatlary adamlaryň islegini kanagatlandyrmaga hem-de önümçilik-maliýe işiniň ýokary netijä eýe bolmagyna gönükdirilýär. 

Milli Liderimiz kadalaşdyryjy binýadyň önümçiligiň ähli tapgyrlarynyň  nazarda tutulyp işlenip düzülmelidigine ünsi çekip, şunda öňdebaryjy tehnologik işleriň ornaşdyrylmagyny, önümçiligiň  döwrebaplaşdyrylmagyny hem-de kämilleşdirmegini göz öňünde tutmagyň wajypdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz degişli kararа gol çekip, wise-premýere resminamanyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe  meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.