Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasyna resmi sapary
17 Mar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasyna resmi sapary

2016-njy ýylyň 16-njy marty irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Pakistan Yslam Respublikasyna ugrady. 

Saparyň birinji gününde özara düşünişmek, ynanyşmak we işewür ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda deňhukukly we özara peýdaly ýörelgelere daýanýan döwletara gatnaşyklarynyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ozal gazanylan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýerine ýetirilişine aýratyn ähmiýet berip, uzakmöhletleýin geljegi nazara almak bilen, türkmen-pakistan hyzmtadaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. 

Taraplar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda ýangyç-energetika, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmekde iki ýurduň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, diňe bir ýurtlarymyz üçin bähbitli bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sebit derejesinde hem uly ähmiýete eýe bolan «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygynyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.  Söhbetdeşler häzirki döwürde bu iri taslamany ýakyn geljekde üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belläp, bu ugurda birek-birege goldaw bermek we ynanyşmak esasynda uly işleriň amala aşyryljakdygyna ynam bildirdiler. 

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Soňra dostlukly ýurduň hökümetiniň ýolbaşçysy hem-de türkmen Lideri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.