Habar

“Hasar” hojalyk jemgyýeti çagalar we ulular üçin 200 müňden gowrak Täze ýyl sowgadyny taýýarlady. Täze ýyl sowgatlarynda karameliň täze görnüşleri – içi şokoladly we kofeli karamel, kofe tagamly wafli – önümçiligi şu baýramyň öňüsyrasynda özleşdirilen önümler bar. Konditerçiler her gün takmynan 50 tonna süýji-köke öndürýärler, “Hasar” kärhanasynda ýüzden gowrak konditer önümleri öndürilýär.

Bu kärhananyň önümlerini ýurduň islendik söwda nokadynda görmek bolýar, bu önümler daşary ýurtlara-da iberilýär. Bu kärhana 2000-nji ýyldan bäri içerki bazarda-da, ýurduň daşynda-da uly abraýa eýe bolup gelýär. Doly önümçilikde işleýän “Hasar” HJ-de çig mal taýýarlamakdan başlap, taýýar önümleriň gaplanyşyna çenli ähli zerur amallar ýerine ýetirilýär. Bu ýerde ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, önümçiligiň umumy mukdaryna ýerli çig malyň köp çekilmegine we täze önümçilik kuwwatynyň işe girizilmegine uly üns berilýär.

Öňümizdäki iki ýylda bu kompaniýa konditer önümçiligini iki esse artdyrmagy meýilleşdirýärler. Ahal welaýatynda şunça kuwwatly ýene bir zawodyň gurluşygy başlandy. Bu ýerde “Mars”, “Baunti”, “Snikers” ýaly halanýan süýjüleri öndürmek üçin enjamlar oturdylar.