Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriň gazagystanly kärdeşleri bilen iş duşuşygy geçirildi
2022-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri gazagystanly kärdeşleri bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşdylar. Duşuşyk, Türkmenistan Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2001-nji ýylda baglaşylan gümrük meselelerinde hyzmatdaşlyk we özara kömek bermek baradaky Ylalaşygyň çäginde geçirildi.