Çeper elli halyçylarymyza, ýurdumyzyň ähli halkyna, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli guralýan dabaraly çärelere hem-de Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine gatnaşyjylara
Çeper elli mähriban halyçylar! Hormatly sergä we dabaraly çärelere gatnaşyjylar! Sizi milli buýsanjymyz bolan Türkmen halysynyň baýramy hem-de bu baýram mynasybetli guralýan Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXI mejlisiniň we «Gözellik nusgasy — türkmen halysy» atly halkara maslahatyň, şeýle hem söwda toplumynyň sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Asyrlaryň dowamynda sünnälenip, milli aýratynlyklary bilen türkmen durmuşynyň aýrylmaz gymmatlygyna öwrülen halylar öýlerimiziň ýylysy, törlerimiziň bezegi, göwünlerimiziň guwanjy bolmak bilen, ÝUNESKO-nyň...