Türkmen zyýaratçylary Mekgä haja ugradylar
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, türkmen zyýaratçylary “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen, Mekgede we Medinede haj parzyny berjaý etmek üçin, Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylar.