Gümrük habarlary

Ýylyň jemi boýunça ýygnanyşyk
10 Ýan
Ýylyň jemi boýunça ýygnanyşyk

     2017-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Gullugyň başlygy polkownik M.Çakyýew ýygnanyşyk geçirdi, onda geçen 2016-njy ýylda Gullugyň işiniň jemleri jemlendi, şeýle hem 2017-nji ýyl üçin ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlendi.

     Gün tertibine laýyklykda Gümrükhanalaryň we degişli gümrük postlarynyň başlyklary ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdiler.

     Ýygnanyşygyň barşynda işinde oňat netijeleri görkezen harby gullukçylary Hormat hatlary bilen sylaglamak dabarasy boldy.