Habarlar

Hormatly Prezidentimiz tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
11 Ýan
Hormatly Prezidentimiz tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

2019-njy ýylyň 10-njy ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy, şol ýerde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň iri kärhanasynyň — Owadandepede gurulýan, tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Irden hormatly Prezidentimiz täze senagat kärhanasyna geldi we bu ýerde degişli ýolbaçylar bilen gysgaça maslahat geçirdi. Onuň barşynda ýurdumyzyň energetiki strategiýasynyň dürli meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagynyň ýakyn geljegi üçin wajyp wezipeleri kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimize nebitgaz toplumyny, şol sanda gazy gaýtadan işleýän ulgamy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň sarp edijileriniň uly isleginden peýdalanýan nebit we gazhimiýa önümleriniň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, olaryň görnüşlerini giňeltmek, ýangyç-energetika toplumyna daşary ýurt maýasyny çekmek maksady bilen, amala aşyrylýan işler barada hasabat berildi. Milli Liderimiziň garamagyna täze desga barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýän suratly hem-de tehnologik çyzgyly planşetler hödürlenildi.

Soňra taslamanyň menejeri, «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň wekili Keý Noumura döwlet Baştutanymyzy sintetiki suwuk uglewodorodlary almagyň esasy tapgyrlary bilen tanyşdyrdy hem-de «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň adyndan hormatly Prezidentimizi zawodda ähli işleriň ýokary hilli ýerine ýetiriljekdigine ynandyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we maýa goýum ulgamlarynda gatnaşyklaryň esasy meseleleri boýunça hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Ýaponiýa bilen köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň we Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek babatda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek we maýa goýum işini işjeňleşdirmek hem-de maliýe-bank düzümleriniň, kiçi we orta telekeçiligiň, ylym we bilim ulgamlarynyň ugry boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda täze desgalarda ýerine ýetirilýän ähli işleriň ýokary hil derejesine laýyk geljekdigine hem-de bellenen möhletde tamamlanjakdygyna ynam bildirip, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de zähmetde uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýere ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

http://tdh.gov.tm