Habarlar

Aziýa oýunlary mynasybetli geçirilýän atly ýöriş Lebap welaýatyna bardy
11 Ýan
Aziýa oýunlary mynasybetli geçirilýän atly ýöriş Lebap welaýatyna bardy

     2017-nji ýylyň 10-njy ýanwary. Mundan laýyk 250 gün ozal, 2016-njy 5-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gadymy “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýanynda  Aziada-2017 mynasybetli ýyndam hem-de owadan ahalteke bedewine atlanan 17 çapyksuwaryň gatnaşmagyndaky atly ýörişe badalga berdi. 500 günüň dowamynda atly ýöriş ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan geçer hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylýan güni Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde jemleýji pellehanasyna ýeter. 

    Ine, atly ýöriş öz ýolunyň gylla ýaryny geçip, Ahal, Balkan we Daşoguz sebitleriniň obadyr şäherlerini aýlanyp, Lebap welaýatyna geldi. Bu wakanyň öňüsyrasynda Gazojak şäheriniň häkimliginde atly ýörişiň geçen ýoly mynasybetli maslahat geçirildi. Ýygnananlar Aşgabatda yklym derejesindäki iri sport ýaryşyny – Aziada-2017-ni geçirmek başlangyjyny öňe süren döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. 

    Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň çäklerini alamatlandyrýan baýramçylyk görnüşinde bezelen derwezäniň öňünde lebaplylar bu taryhy ýörişe gatnaşýan 17 çapyksuwary uly şatlyk bilen dabaraly garşylady. Bu ýatdan çykmajak waka mynasybetli Gazojak şäherinden 25 kilometrlikdäki giň meýdançada arzyly myhmanlar üçin baýramçylyk bezegine beslenen medeni - sport desgalary we hatar gurap oturan türkmen ak öýleri guruldy.