Gümrük habarlary

Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Baş sekretary Kuniýo Mikuriýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk
16 Ýan
Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Baş sekretary Kuniýo Mikuriýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk

2019-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Baş sekretary Kuniýo Mikuriýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Jenap Kuniýo Mikuriýa, Türkmenistana sapar bilen çagyrylandygy üçin hem-de myhmansöýer garşy alnanlygy üçin, sagbolsun aýtdy. Mundan başgada Jenap Kuniýo Mikuriýa Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Baş sekretarynyň wezipesine saýlawlarda, özüniň dalaşgärligine bildirilen goldaw üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi. 

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (BGG) arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, türkmen tarapy serhetde gümrük gözegçiligini kämilleşdirmek BGG-ň tejribesini öwrenmek we özleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirildi.

Duşuşygyň ayhrynda taraplar birek-birege üstünlikleri arzuw etdiler, şeýle hem Türkmenistan bilen BGG-nyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň geljekde-de işjeň dowam etdiriljekdigine ynam bildirer.