Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň sport merkezlerinde türgenleşik geçdi
11 Ýan
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň sport merkezlerinde türgenleşik geçdi

    2017-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz egindeşleri bilen bilelikde esasy desgalarynyň gurluşygy tamamlanan paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde ir bilen türgenleşik geçdi, şeýle hem Awtosport merkezinde sport awtoulagyny ýokary tizlikde sürmegiň ussatlygyny görkezdi.

    Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň tarapdary we ony wagyz ediji bolmak bilen, hormatly Prezidentimiz türkmenistanlylara, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlara şahsy görelde görkezýär hem-de adamlaryň saglygy we abadançylygy baradaky aladany döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwürdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sport-- munuň özi güýjüň, sagdynlygyň, sazlaşygyň we döredijiligiň belentliklerine tarap ruhy galkynyşyň utgaşmagydyr. Yzygiderli türgenleşik adamda zähmetsöýerlik, pugta erk we maksada okgunlylyk ýaly zerur häsiýetleri kemala getirýär. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda sport ulgamyna höwesekleriň sany barha artýar we onuň jemgyýetdäki orny pugtalanýar.

    Wise-premýerler hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary toparlara bölünip woleýbol oýnadylar. Bu ýerde küşt we tennis boýunça ýaryşlar hem guraldy.

    Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherjiginiň çäklerinde geçirilýän işler bilen tanyşdy.