Customs Service News

«Sagdyn jemgyýet- bagtyýar durmuşyň kepili» atly maslahat
15 Jan
«Sagdyn jemgyýet- bagtyýar durmuşyň kepili» atly maslahat



14-nji ýanwarda Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň döredilen güni mynasybetli Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalaryndan, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryndan wekilleriň gatnaşmagynda «Sagdyn jemgyýet-bagtyýar durmuşyň kepili» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata gatnaşan Gümrük gullugynyň wekili öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgesini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitländigini aýtmak bilen, ýurdumyzyň gümrük edaralary tarapyndan adamyň saglygyna, döwletiň howpsuzlygyna zyýan edýän serişdeleriň jemgyýetiň içine ýaýradylmazlygy üçin geçirilýän öňüni alyş çäreler, şeýle hem hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň edýän taýsyz tagallalary netijesinde gümrük serhedini goramak, ýurdumyzyň çägine getirilmegi gadagan edilen ýaramaz serişdeleriň öňüni almak boýunça ähli şertleriň döredilendigini belläp geçdi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň gümrük edaralarynyň we gümrük postlarynyň ählisi dünýäniň öňde baryjy kompaniýalarynyň öndürýän gümrük gözegçilik enjamlary bilen enjamlaşdyrylan. Bularyň hatarynda ýük awtoulaglary we konteýnerleri barlaýan rentgen enjamlary, ýükleri we raýatlaryň el-goşlaryny barlaýan enjamlar, raýatlaryň teninde we ýanynda gizlenen zatlary ýüze çykarýan hem-de başga-da birnäçe döwrebap enjamlaryň dürli görnüşleri bolup olaryň kömegi bilen ýurdumyza gadagan edilen serişdeleriň bikanun getirilmeginiň öňi alynýar.