2021-nji ýylyň 14-18-nji iýuny aralygynda Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän «Ready4Trade Merkezi Aziýa» atly taslamanyň çäklerinde BMG-niň Halkara söwda merkezi (ITC) gümrük gullugynyň işgärleri üçin gender nukdaýnazaryndan söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça sebitleýin okuw maslahatyny geçirdi. Okuw maslahatyna Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklarynyň wekilleri gatnaşdy.
Çäräniň dowamynda Halkara söwda guramasynyň hünärmenleri Gender nukdaýnazaryndan söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça çykyş edip, gatnaşyjylara bu mesele boýunça giň düşünje berdiler. Soňra okuw maslahatynyň amaly bölegide gatnaşyjylar bu okuw modullary bilen özbaşdak çykyş etdiler.
Okuw maslahatynyň amaly bölegi barada Türkmenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Özbegistandan gatnaşan wekilleriň belleýşi ýaly, geçirilen amaly sapaklaryň geçileni has gowy düşünmek, işigowulandyrmak we Halkara söwda guramasynyň hünärmenlerinden gymmatly maslahatlary almak üçin oňat mümkinçilik boldy.
“Ready4Trade Merkezi Aziýa” taslamasy Ýewropa Bileleşigi bilen Halkara Söwda Merkeziniň bilelikdäki başlangyjydyr. Maksady, sebitdäki we halkara söwdany höweslendirip, Merkezi Aziýanyň umumy durnukly we öz içine alyjy ykdysady ösüşine goşant goşmakdyr.
Habar
Habarlar
Gümrük maglumatlary
Gümrük tölegleri
Şahsy taraplar üçin
Ýuridiki taraplar üçin
Gümrük gullugynyň kadalaşdyryjy hukuk buýruklary