Gümrük habarlary

Polipropilen haltalary eksport edilýär
25 Okt
Polipropilen haltalary eksport edilýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ykdysadyýetimiziň ösüş depginlerini has-da artdyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça wezipeler kabul edilen toplumlaýyn döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

Bazar ykdysadyýeti şertlerinde ykdysadyýetiň netijeliligini ýokarlandyrmakda bazar-ykdysady gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak ösüşleriň zerur şerti bolup çykyş edýär. Şunda ýerli önüm öndürijeleriň işine uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda önüm öndürijilere döwletimiz tarapyndan berilýän  goldawyň netijesinde eksport harytlaryň möçberleri yzygider artýar. 

Ine, Daşoguz welaýatynyň önüm öndürijileri tarapyndan öndürilýän polipropilen tehniki haltalary Özbegistan Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, Owganystan Yslam Respublikasyna, Gruziýa eksport edilýär. Zawodyň  ýylyň dowamynda 100-120 tonna polipropilen haltany öndürmäge mümkinçilikleri bar.

Welaýatdan eksport edilýän polipropilen tehniki haltalary Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň «Diýarbekir» gümrük postunda gümrük taýdan resmileşdirilýär. Postuň işgärleriniň baha bermegine görä, soňky döwürde eksport önümleriniň möçberi yzygider artýar. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň ösüşinden habar berýär.