Habarlar

Türkmenistanda Garaşsyzlyk güni giňden bellenildi
28 Sen
Türkmenistanda Garaşsyzlyk güni giňden bellenildi

2019-njy ýylyň 27-nji sentýabrynda ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň özygtyýarlylygyny alandygy baradaky waka hökmünde häzirki we geljekki nesilleriň hakydasynda hemişelik galjak kaşaň binagärlik nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Milli Liderimiz Garaşsyzlyk binasynyň etegine gül çemenini goýdy. Bu güller bize parahat, asuda, eşretli we bagtyýar durmuşy eçilen beýik mukaddesligiň — Garaşsyzlygyň nyşanyna öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri nobatma-nobat gül desselerini goýdular. Türkmen diplomatlary, daşary ýurtlaryň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar we paýtagtymyzyň köp sanly ilaty ýagşy dessura laýyklykda ýadygärlige gül desselerini goýdular.

Soňra Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda harby ýöriş boldy. Bu ýöriş eziz Watanymyzyň goranyş kuwwatyny hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň, mähriban topragymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň, halkymyzyň döredijilikli durmuşynyň goragynda duran türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygyny nobatdaky gezek görkezdi.

Harby ýörişden soň, dabaraly ýörişi Mejlisiň deputatlary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryndan wekiller dowam etdirdiler. Şeýle hem dabaraly ýörişe ähli welaýatlardan paýtagtymyza gelen wekiller hem gatnaşdy. 

Şol gün agşam «Älem» medeni dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaraly konsert boldy. Dabarada Türkmenistanyň aýdym-saz sungatynyň ýyldyzlary, sungat ussatlary, ýaş ýerine ýetirijiler, folklor, tans we hor toparlary çykyş etdiler. Artistler meşhur aýdymlar bilen bir hatarda, täze eserleri-de ýerine ýetirdiler. Soňra bu ýerde baýramçylyk feýerwerki boldy. Agşamky asmanda älemgoşar öwüşginli dürli yşyklar baýramçylygyň joşgunyny artdyrdy.