Gümrük habarlary

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Ata Watanymyzyň durmuşyndaky möhüm wakalara bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi
18 Sen
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Ata Watanymyzyň durmuşyndaky möhüm wakalara bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi



2019-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen Alabaýy” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň    73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde Birinji Hazar ykdysady forumynyň netijeleri boýunça başlyklyk etmegiň Beýannamasynyň kabul edilmegine bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.

Dabaraly çärä Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynyň hem-de Aşgabat şäher we Ahal welaýat gümrükhanalarynyň şahsy düzüminiň gatnaşmagynda geçirildi. 

Çykyş edenler “Türkmen Alabaýy” atly täze eseriniň ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, türkmen halkynyň taryhy mirasyna göz ýetirmekde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň ruhubelentligini arşa götermekde aýratyn orny eýeleýändigi nygtadylar. Täze kitap milletiň mirasyny dünýä wagyz etmekde nobatdaky wajyp ädimdir. 

Şeýle hem, bellenilişi ýaly “2021-nji ýyl— Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň durmuşynda möhüm wakadygy nygtaldy. Şu ýylyň awgust aýynda Awazada geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleri boýunça başlyklyk etmegiň Beýannamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilmeginiň we onuň BMG-niň resmi dilleriniň ählisinde neşir edilmeginiň Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň derwaýyslygynyň ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýandygy bellenilip geçildi.

Dabaraly çärä gatnaşyjylar eziz ýurdumyzyň mundan beýläkde gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan köptaraply işi, harby gullukçylar barada aladasy üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Gullugymyzyň aýdym-saz toparynyň mähriban tebigatymyzyň gözelligini, eziz Watanymyzy wasp edýän çykyşlary bu çärä baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Dabaraly çäre oňa gatnaşýan harby gullukçylaryň Watanymyza, halkymyza we Belent Serkerdebaşymyza wepaly gulluk etjekdiklerine kasam etmegi bilen tamamlandy.