Gümrük habarlary

Lebap welaýat gümrükhanasynda Ozon dargadyjy maddalaryň bikanun söwdasynyň öňüni almak boýunça okuw maslahaty geçirildi
3 Sen
Lebap welaýat gümrükhanasynda Ozon dargadyjy maddalaryň bikanun söwdasynyň öňüni almak boýunça okuw maslahaty geçirildi

2019-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Lebap welaýat gümrükhanasynyň edara binasynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ozon merkeziniň guran okuw maslahaty Ozon dargadyjy maddalaryň, düzüminde ODM bolan garyndylaryň we önümleriň monitoringi we bikanun söwdasynyň öňüni almak meselesine bagyşlandy. Oňa gümrükhananyň we onuň tabynlygyndaaky gümrük postlarynyň işgärleri gatnaşdylar. 

Bu çäre Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Ýerine ýetiriji gullugy bilen bilelikde ýerine ýetirýän “Türkmenistanda gidrohlorftoruglerody (GHFU) dolanyşykdan tapgyrlaýyn çykarmak meýilnamasyny ýerine ýetirmek (1-nji tapgyr)” taslamasynyň çäklerinde geçirildi. 

Okuw maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň ozon gatlagyny dargadyjy maddalar boýunça Monreal teswirnamasyndan we ozon gatlagyny goramak boýunça Wena konwensiýasyndan gelip çykýan borçlarynyň ýerine ýetirilişi, Monreal teswirnamasynyň Kigali düzedişi, Türkmenistanda ozon gatlagyny goramak boýunça kada-kanunlar, ozondargadyjy maddalara gözegçilik etmekde Gümrük gullugynyň ähmiiýeti  beýan edildi. 

Monreal teswirnamasy we ozon gatlagynyň goragy boýunça Wena konwensiýasy ozon gatlagynyň goragyna gönükdirilen halkara gatnaşyklarynyň esasyna öwrüldi. 

Ozon gatlagy adamlaryň saglygy we Ýeriň ýüzündäki ähli jandarlar üçin möhümdir. Ozon gatlagyň gowşamagy Ýeriň UF-W şöhleleriň täsirine düşmegine getirer. Bu şöhle adam saglygyna uly zeper ýetirýär.

 



Okuw maslahatynyň tamamlanmgy bilen, oňa gatnaşyjylara şahadatnamalar gowşuryldy.