Gümrük habarlary

Gümrük üpjünçiligi bilen bagly bikanun hereketlere garşy göreş babatynda okuw türgenleşigi
22 Awg
Gümrük üpjünçiligi bilen bagly bikanun hereketlere garşy göreş babatynda okuw türgenleşigi

2019-njy ýylyň awgust aýynyň 20-22-si aralygynda BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň hem-de Konteýner gatnawlaryna gözegçilik etmek boýunça Bütindünýä gümrük guramasynyň Ählumumy maksatnamasynyň Türkmenistandaky edarasy gümrük üpjünçiligi bilen bagly bikanun hereketlere garşy göreş babatynda üç günlik okuw türgenleşigini geçirdi. Okuw türgenleşigine Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyndan 18 sany işgär gatnaşdy.

BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň bilermenleri tarapyndan geçirilen bu okuw türgenleşiginiň maksady konteýnerli daşamalarda gümrük üpjünçiligi bilen bagly bikanun hereketleri ýüze çykarmak boýunça gümrük işgärleriniň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmakdan ybarat.  Okuw türgenleşigiň barşynda oňa gatnaşyjylar gümrük gözegçiliginiň häzirki zaman usullary we gurallary bilen içgin tanyşdylar.

Halkara gümrük terminalynda geçirilen okuw türgenleşigi gümrük işgärlerine galp gümrük resminamalaryny hem-de gümrük üpjünçiliklerini ýüze çykarmak boýunça başarnyklaryny ýokarlandyrdy.