Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyş wagtyny kitap ýazmaga bagyşlady
16 Iýul
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyş wagtyny kitap ýazmaga bagyşlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsadynyň ilkinji gününde döredijilik bilen meşgullandy, şu pursatlarda Gahryman Arkadagymyzyň agtyklary bilen bolmagy maşgala gymmatlyklarynyň durmuşyň aýrylmaz bölegidigini ýene bir gezek subut etdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp jiltli ensiklopedik işi umymy ylmy ugurly bolmak bilen bir hatarda, aň-düşünjäni artdyrýan peýdaly maglumatlary özünde jemleýär. Bu bolsa köp sanly okyjylar köpçüligine halkymyzyň baý medeni mirasynyň bir bölegine ýakynlaşmaga mümkinçilik berýär. 

Işlemeginiň dowamynda döwlet Baştutanymyz köp sanly çeşmeler bilen ünsli tanyşdy. Bu bolsa täze ylmy işiň esasyna öwrüldi. Milli Liderimiz ýörite haltajyklara gaplanan dermanlyk ösümlikleriň we otlaryň nusgalaryny gözden geçirip we giňişleýin öwrenip, şolaryň tapawutly aýratynlyklaryna ünsi jemledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agzalan kitabyň 11-nji jildiniň üstünde esasy işini tamamlap, oňa gutarnykly düzedişlerini, takyklamalaryny we goşmaçalary girizmek bilen meşgullandy. 

Bu düýpli eseriň täze jildiniň hem peýdaly we isleg bildirilýän maglumatlaryň gymmatly çeşmesine öwrülip, halkymyzda we daşary ýurtlaryň giň okyjylar köpçüliginiň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanyljakdygy gürrüňsizdir, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň ýakynda belleniljek gününe ajaýyp sowgat bolar.