Habar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Pekinde geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy.

Pekiniň Týananmen meýdançasynda wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, bu ýerde dabaraly harby ýöriş geçirildi. Bu dabaraly ýöriş Hytaýyň parahatçylyga, milli gahrymanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamaga ygrarlydygynyň beýany boldy.

Häzirki wagtda hemişelik Bitaraplyk Türkmenistanyň halkara giňişlikde parahatçylyk döredijilikli ornuny üpjün edýän daşary syýasatynyň binýadyna öwrüldi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen bu hukuk ýagdaýy ýurdumyza sebit we ählumumy meseleleri kadalaşdyrmakda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde çykyş etmäge ýardam berýär. Hemişelik Bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyzyň esasy sütünleri bolup durýar. Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesi beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär, öňüni alyş diplomatiýasy bolsa bu syýasatyň logiki dowamy bolup, ýurdumyzyň gapma-garşylyklaryň öňüni almaga gönükdirilen işjeň strategiýasydyr. Bu iki ýörelge özara berk baglanyşyklydyr. Bitaraplyk ynanyşmak üçin binýady döretse, öňüni alyş diplomatiýasy ony durmuşa geçirmegiň guraly bolup durýar. Türkmenistan gepleşikler üçin bitarap meýdança hökmünde çykyş edip, dialog üçin şertleri döretmäge çalyşýar.

Ýurdumyz halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG, sebit we halkara düzümleri bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Türkmenistan öz parahatçylyk döredijilikli syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ählumumy howpsuzlyga, durnukly ösüşe goşant goşýar. Şeýle çemeleşme diňe sebit gün tertibi bilen çäklenmän, eýsem, has giňişleýin halkara başlangyçlarda hem öz beýanyny tapýar. Döwletimiz ählumumy ähmiýeti bolan birnäçe esasy ugurlar boýunça teklipler bilen çykyş edýär. Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli işi diňe bir syýasy we diplomatik başlangyçlar bilen çäklenmeýär. Bu ugurda ykdysady diplomatiýa hem möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi energetika howpsuzlygy bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy ýaly taslamalar ykdysady başlangyçlaryň parahatçylyk döredijilikli maksatlara hyzmat etmeginiň aýdyň mysalydyr. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň ykdysadyýetiniň ösmegine, ýurtdaky ýagdaýy durnuklylaşdyrmaga şert döreder. Türkmenistan Merkezi Aziýany Kawkazyň üsti bilen Ýewropa bilen birleşdirýän “Lapis Lazuli” üstaşyr ulag geçelgesini döretmek boýunça taslamalara işjeň gatnaşýar. Munuň özi sebit söwdasyny we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär.

Türkmenistan ekologiýa howpsuzlygy ulgamynda-da halkara hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup durýar. Howanyň ählumumy derejede üýtgeýän we suw serişdeleriniň ýetmezçilik edýän şertlerinde ýurdumyz suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek bilen baglanyşykly meseleleri çözmek babatda tagallalary birleşdirmäge çagyrýar. Bu başlangyçlar diňe bir daşky gurşawy goramaga däl, eýsem, ýüze çykyp biljek gapma-garşylyklaryň öňüni almaga hem gönükdirilendir. Mundan başga-da, Türkmenistan ynsanperwer meseleleri çözmäge, häzirki döwrüň wehimlerine garşy göreşmäge gönükdirilen başlangyçlary işjeň öňe sürýär. Ýurdumyzyň Bitaraplygy we işjeň parahatçylyk döredijilikli syýasaty dünýä bileleşiginiň ýokary bahasyna mynasyp bolýar. 2025-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň üçünji gezek ykrar edilmegi munuň aýdyň güwäsidir.

Häzirki wagtda türkmen-hytaý gatnaşyklary hem özara hormat goýmaga, umumy bähbitlere esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygyň üstünlikli nusgalarynyň biri bolup durýar. Bu hyzmatdaşlyk syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli ösdürilýär. Häzirki dünýä we sebit ýagdaýlary bilen baglylykda, bu gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy iki ýurduň, şeýle hem tutuş Ýewraziýa yklymynyň durnuklylygyna, ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Türkmenistan bilen Hytaý strategik hyzmatdaşlar bolmak bilen, parahatçylyk, durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlydyklaryny görkezýärler. Bu hyzmatdaşlyk özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanyp, diňe bir iki ýurduň däl, eýsem, tutuş sebitiň gülläp ösmegine-de gönükdirilendir. Şeýle ygrarlylyk ýurtlarymyzyň daşary syýasatynda, bilelikdäki taslamalarda, halkara guramalaryň çäklerindäki işjeň hyzmatdaşlygynda öz beýanyny tapýar.

Iki ýurt hem halkara gatnaşyklarda deňhukuklylyk we beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgelerinden ugur alýar. Türkmenistan bitarap döwlet hökmünde gapma-garşylyklaryň öňüni almak üçin dialogy, diplomatik çözgütleri öňe sürýär. Hytaý hem, öz nobatynda, ählumumy wehimlere garşy inklýuziw çemeleşmäni yzygiderli ilerledýär. Ykdysady hyzmatdaşlyk iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda esasy orny eýeleýär. Energetika, ulag we infrastruktura ulgamlaryndaky taslamalar diňe bir iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň ösüşine ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, sebitde durnuklylygy pugtalandyrmaga hem mümkinçilik döredýär. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi munuň aýdyň mysalydyr. Bu transmilli gaz geçirijisi adaty täjirçilik taslamasy bolman, energetika howpsuzlygyny üpjün edýän we uzak möhletleýin ykdysady ösüş üçin binýady döredýän strategik taslamadyr.

Döwletara gatnaşyklarda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga uly üns berilýär. Özara Medeniýet günleriniň geçirilmegi, akademiki alyşmalar we ylmy hyzmatdaşlyk halklaryň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrýar. Şeýle dialog medeni gatnaşyklaryň döwletleri ýakynlaşdyrmaga ýardam berýändiginiň aýdyň nusgasydyr. Umuman, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk iki ýurduň parahatçylyk, özara düşünişmek, durnukly ösüş ýörelgeleri esasyndaky netijeli dialogynyň anyk mysaly bolup durýar. Olaryň bilelikdäki tagallalary sebitde uzak möhletli durnuklylyk we abadançylyk üçin berk binýady döredip, ählumumy meseleleriň çözgüdine saldamly goşant goşýar.

Döwlet Baştutanymyz Hytaýa şu gezekki saparynyň dowamynda giň gerimli çärä — «ŞHG+» formatyndaky ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň bu sapary Türkmenistanyň köpugurly daşary syýasatynyň pugtalanýandygyny we onuň sebitiň döwletleri bilen dialogy giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklaýan möhüm waka öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle abraýly çärä gatnaşmagy ýurdumyzyň sebitde durnukly ösüşi üpjün etmekde eýeleýän ähmiýetli ornuny nobatdaky gezek görkezdi.

Döwlet Baştutanymyzyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen geçiren ýokary derejeli gepleşikleri saparyň esasy wakasy boldy. Iki ýurduň Baştutanlary strategik ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, energetika ulgamynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edilýändigi bellenildi. Şeýle hem taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine seretdiler.

Saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ulag-logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar medeni-ynsanperwer, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Birnäçe möhüm ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi saparyň esasy netijeleriniň biri boldy. Bu resminamalar dürli ugurlary öz içine alyp, strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin berk hukuk binýadyny döredýär.

...Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow HHR-e iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Pekiniň Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady. Döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar hem-de dostlukly ýurda saparynyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Umuman, hormatly Prezidentimiziň HHR-e amala aşyran sapary türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ädim bolup, onuň strategik häsiýetini tassyklady. Gepleşikleriň netijeleri we gol çekilen resminamalar özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin täze gözýetimleri açyp, iki ýurduň abadançylygyna gönükdirilen giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam berer. Döwlet Baştutanymyzyň bu sapary Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ýörelgelerine laýyklykda, netijeli dialoga hem-de ählumumy meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşmaga taýýardygyny görkezdi.