Habarlar

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
6 Noý
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

2019-njy ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Onda şu ýylyň geçen on aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri jemlenildi hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi.

Mejlisde barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýewiň hasabatyny diňläp, gullugyň ähli bölümlerine öňdebaryjy halkara tejribäni hem-de döwrebap tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň gümrük serhedi arkaly harytlaryň we ulag serişdeleriniň geçirilişiniň tertibiniň berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidigini nygtap, umumy ykrar edilen ülňülere laýyklykda degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, döwletimiziň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan, yzygiderli durmuşa geçirilýän Harby doktrinasynyň esasyny düzýän parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýermek bilen harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrjakdygyny, edermen Watan goragçylarynyň netijeli gulluk etmegi hem-de göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertleri döretmek arkaly harby gullukçylar barada hemişe alada etjekdigini belledi.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň ählisine möhüm we jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.